Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 26.07.2021

Aşgabatda iki hepde içinde ikinji çaganyň jesedi tapyldy

Azathabar.com 

Aşgabadyň ýaşaýyş etraplarynyň birindäki zibilhanada täze doglan bäbegiň jesedi tapyldy. Bu waka 22-nji iýulda, ir sagat 11 töwereginde Howdan "A" etrapçasynda boldy. Bu iki hepdäniň içinde ýaňy doglan bäbekleriň zibil taşlanylan jesetleriniň tapylmagynyň bilinýän ikinji hadysasydyr.

Lebap COVID-19 alamatly keseliň güýçli tolkunyny başdan geçirýär

Azathabar.com 

Gündogar Lebap sebiti koronawirus alamatly ýokanç keseliň güýçli tolkunyna sezewar boldy. Sebit merkezi Türkmenabatda ýene bir hassahana koronawirus alamatly näsaglary kabul edip başlady. Karantin astyndaky Farap etrabynda şäher hassahanasy täze näsaglary kabul edip ýetişip bilmeýär, kislorod ýetmezçiliginden ejir çekýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

"Talybanyň" basyşy astynda onlarça owgan esgeri Pakistana gaçdy

Azathabar.com 

Pakistanyň goşuny 46 owgan esgeriniň serhetden geçendigini we olaryň "Talyban" söweşijileriniň basyşy astynda öz pozisiýalaryny ýitirenden soň goňşy ýurda gaçmaga mejbur bolandygyny aýtdy. Pakistan goşunynyň beýanatyna görä, owgan harby serkerdesi demirgazykdaky Çitral serhet geçelgesinde gaçybatalga sorapdyr. Çitral Owganystanyň Kunar, Badahşan we Nuristan welaýatlary bilen serhetdeş. "Bu owgan esgerleri düýn agşam Çitralyň Arundu sektoryna geldi. Owgan häkimiýetleri bilen aragatnaşyga girişip... Читать дальше...

Urşuň merkezindäki owgan şäherinde zenanyň ýolbaşçylygyndaky kitaphana - öwrenmegiň penahanasy

Azathabar.com 

23 ýaşly Homaira Nawrozi Owganystanyň urşa bürenen Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gah şäherinde mugallymçylyk edýär. Ol beýleki owganlara synpyň daşynda öwrenmäge mümkinçilik döretmek isleýärdi. Şol sebäpli ol her kim baryp, okap we öwrenip biler ýaly özüniň kiçijik kitaphanasyny açdy. Bu inisiatiwa, bilim almak hukugy doly kepillendirilmedik owgan gyzlaryna we aýallaryna gymmatly mümkinçilikler döredýär. (Radio Azadi/Margot Buff)

Täjik-gyrgyz serhedinde täjik serhetçisi ýaralandy

Azathabar.com 

Täjigistan-gyrgyz serhediniň jedelli bölegine ýakyn sebitde bolup geçen soňky zorlukda täjik serhetçisi ýaralandy. Täjigistanyň Çorkuh etrabynyň resmileri 19 ýaşly Şuhrat Gurbonowyň 24-nji iýulda irden atyşykdan soň ok ýaralary bilen keselhana ýerleşdirilendigini Azatlyk Radiosyna aýtdy. Resmileriň sözlerine görä, Täjigistanyň etraplarynyň ýaşaýjylary Gyrgyzystanyň kesgitlenmedik hasaplaýan serhediniň golaýyny arassalap başlandan soň dartgynlylyk güýçlenipdir.  Gyrgyzystanyň obasynyň ýaşaýjylary... Читать дальше...

Hytaý gatnaşyklardaky "petikde" ABŞ-ny günäleýär

Azathabar.com 

26-njy iýulda ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomatynyň Hytaýa sapary dartgynly başlandy we Waşingtonyň hem-de onuň ýaranlarynyň Pekini kiberhowpsuzlyk, tehnologiýa taýdan agalyk etmek synanyşyklardan başlap, Gonkongda we Sinszýanda adam hukuklaryna degişli bidüzgünçiliklerde aýyplamagy sebäpli gatnaşyklaryň ýaramazlaşýan wagtyna gabat geldi. Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sie Feng 26-njy iýulda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şermana ABŞ-nyň Hytaýy “garalaýandygyny" we çemeleşmesini üýtgetmelidigini aýtdy. Читать дальше...

BMG owgan raýatlarynyň arasynda pidalar gitdigiçe köp artýar diýýär

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasy maý we iýun aýlarynda 2400-e golaý owgan raýatynyň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny we munuň 2009-njy ýyldan bäri iki aýa degişli iň uly sandygyny aýtdy. Ýylyň birinji ýarymynda ölenleriň arasynda aýallar we çagalar has köp bolupdyr. BMG-nyň Owganystana kömek missiýasynyň (UNAMA) 26-njy iýulda çap eden hasabatyna görä, ýanwar-iýun aýlarynda 5183 raýat pidasy dokumentleşdiripdir, şolardan 1659 adam öldürilipdir we bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47% ýokarlanypdyr. Читать дальше...

Tokio Olimpiadasynda aýyň başyndan bäri 153 adamda COVID-19 tapyldy

Azathabar.com 

Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary akkreditasiýa alan 153 adamda COVID-19 synagynyň aýyň başyndan bäri oňyn netije görkezendigini 26-njy iýulda aýtdylar. Oňyn testleriň 24-si soňky 24 sagada degişli. 19 adam sportsmenler. Olaryň käbiri Olimpiýa şäherçesinde ýaşadylar. Bu ýerde 16 adamda koronawirus tapylypdy. Koronawirus testleri oňyn netije görkezen adamlar Tokio aýlagynyň gapdalyndaky köp gatly jaýlardan karantin myhmanhanasyna geçirildi. Pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürilen... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Теннисист Хачанов вышел в третий круг "Мастерса" в Риме






Зобнин открыл счёт в матче «Спартак» — «Краснодар» в 28-м туре РПЛ

Дело возбудили после смерти подростка в вентиляционной шахте на западе Москвы

В Москве жители дома две недели слышат мяуканье запертой в квартире кошки

"Газета.Ru" представляет самые яркие кадры прошедшей недели