Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 31.07.2021

Rus raýatlarynyň ýene bir tapgyry çarter uçarynda Türkmenistandan çykaryldy

Azathabar.com 

Orsýet Türkmenistandaky raýatlaryny bu ýurtdan çykarmak üçin 30-njy iýulda ýene-de bir çarter uçuşyny gurnady diýip, “Trend” neşiri Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.   Neşir bu gezek  S7 howaýollary bilen Türkmenabaddan Orsýete  175 adamyň uçandygyny aýdýar.   Bu Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy sebäpli Orsýet bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlaryny 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadaly bäri Türkmenistandan Orsýete guralan on sekizinji uçuşdyr.

Hepdäniň jemi #31 (31.07.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda öz iş, hünär haklaryny talap edýän lukman kezzapçylykda aýyplanýar; Azerbaýjanly blogçy Tbiliside öli tapyldy; Täjigistandaky we Türkmenistandaky ‘ýegenler’; Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýy we etniki türkmen çagalarynyň okuw aladasy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Lukaşenka Belarusdaky söz azatlygynyň "ekstremizme öwrülendigini" aýdýar

Azathabar.com 

Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka sebit resmileri bilen bolan duşuşygynda ýurtdaky söz azatlygynyň, onuň pikiriçe, “ekstremist işjeňligine” öwrülendigini aýtdy. BelTA habar gullugy bu duşuşygyň Minskiň merkezindäki resmi rezidensiýada geçirilendigini habar berýär. Lukaşenkanyň sözlerine görä, ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleri "gozgalaňa we ganly haklaşyga çagyrýar", "gorky atmosferasyny döredýär". Ol, anyklaşdyrmazdan, häkimiýetleriň "maglumat pudagyndaky ulgamlaýyn işleri tamamlaýandygyny" hem sözüne goşdy. Читать дальше...

Türkiýede bolan pyçakly dawada bir türkmenistanly öldi, beýlekisi tutuldy

Azathabar.com 

Bileçikdäki towuk fermasynda bolan pyçakly söweşde bir türkmen raýaty öldi we beýleki biri tussag edildi diýip, Türkiýäniň “SonDakyka.com” neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, merkeze garaşly Bekdemir obasyndaky towuk fermasynda işleýän 43 ýaşly türkmenistanly G.G. we 35 ýaşly R.K. öz aralarynda dörän meseleleri sözde çözüp bilmän, dawanyň has gyzmagy netijesinde, pyçak bilen çözjek bolana meňzeýär. Habarda olaryň näme üstünde dawalaşandygy anyklaşdyrylmaýar. Netijede, pyçak ýarasyny... Читать дальше...

Hytaý häkimiýetleri Moskwadan gelen uçary COVID-19 wirusynyň uly çeşmesi atlandyrýar

Azathabar.com 

Hytaýyň gündogar şäheri Nanjingiň häkimiýetleri Moskwadan gelen “Air China” ýolagçy uçarynyň pandemiýa başlanaly bäri COVID-19  ýokanjynyň iň uly çeşmesi bolandygyny aýdýar diýip,  Russiýanyň döwlet habar gullugy RIA Nowosti habar berdi. Şähere ýaýran wirus azyndan 200 adama ýokuşdy. Hoňkoňyň “South China Morning Post” gazetiniň ýazmagyna görä, wirus eýýäm ýurduň 15 welaýatynyň 26 şäherçesine ýaýrady. HHR-iň döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu wirus ýokuşmalary koronawirusyň... Читать дальше...

Türkmen ýüzüjisi Tokioda 'iň ýaramaz' netije görkezip, oýundan çykdy

Azathabar.com 

“Gündogar” neşiri suwda ýüzüji Merdan Ataýewiň Olimpiadany oňa gatnaşyjylaryň arasynda iň erbet netije bilen terk edendigini habar berýär. Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri 28-nji iýulda 26 ýaşyndaky türgeniň 200 metr aralygy 2 minut 03,68 sekuntda geçip, ozalkylaryndan 3,38 sekund gowy netije görkezendigini habar berdi. Emma “Gündogar” 30-njy iýulda Tokiodaky Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabaralarynda Türkmenistanyň baýdagyny göteren türgeniň 200 metr aralyga arkan ýüzmek boýunça geçirilen... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов вышел в третий круг турнира ATP в Риме






«Угроза нового заморозка»: Позднякова предупредила дачников об ухудшении погоды

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

Стоматолог Ланцева: хруст в челюсти не опасен в одном случае

Скончался актер и каскадер из «Место встречи изменить нельзя»