Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 21.07.2021

Türkmenistanda ýol hadysasynda ölen harby gullukçylaryň sany 30-dan aşdy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanda heläk bolan 18 harby gullukçynyň ölüminiň jikme-jiklikleri barada käbir goşmaça maglumatlar gelip gowuşdy. Azatlygyň maglumatyna görä, merhumlaryň garyndaşlaryna aýdylyşy ýaly, köp sanly esgeriň we ofiseriň ölümine hakykatdan hem uly ýol hadysasy sebäp boldy. Şeýle hem, habarçylarymyz we çeşmelerimiz ölenleriň sanynyň 30-dan gowrak adama ýetendigini habar berdiler. Wakanyň bolan pursady 10-dan gowrak KamAZ kysymly ulagdan ybarat harby kerwen Bekrewedäki garnizona barýardy. Читать дальше...

Lebap: MHM dindarlaryň öýlerini dökýär

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri Lebap welaýatynyň Dänew, Darganata, Seýdi we Gazojak şäherlerinde öýünde dini mazmunly kitap saklamakda güman edilýän adamlaryň öýlerini dökýär.

HRW Ismatullaýewanyň ýagdaýyna alada bildirdi

Azathabar.com 

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň näbelli tarapa alnyp gidilmegine we şondan bäri ondan habar-hatyryň ýokdugyna alada bildirdi. Gökdepe şäherindäki “Ene mähri” merkeziniň ozalky lukmany Ismatullaýewa 16-njy iýulda öz öýünden näbelli tarapa alnyp gidilipdi. Ol 2017-nji ýylyň tomsunda näsaglardan para almakdan ýüz öwrendigi we olary gerekmejek tölegli saglyk barlaglaryna, operasiýa bejergilerine ibermekden boýun gaçyrandygy üçin işden boşadyldy diýip... Читать дальше...

Eýranda tapgyr altynjy gije geçirilýän protestlerde polisiýa ofiseri öldürildi

Azathabar.com 

Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestan welaýatynda ýiti suw ýetmezçiligine garşy geçirilýän tapgyr altynjy gije protestleriň dowamynda bir polisiýa ofiseri öldürildi. Munuň bilen, bidüzgünçliklerde heläk bolan adamlaryň resmi sany üçe ýetdi. Döwletiň eýeçiligindäki IRIB tele-kanalynyň ýerli resmileriň birine salgylanyp beren maglumatyna görä, öten agşam port şäheri Bandar Mahşahrde bir polisiýa ofiseri atylyp öldürilipdir, ýene biriniň aýagyna ýaragdan ok atylypdyr. Tele-habarlarda polisiýanyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса