Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Новости за 16.07.2021

Aşgabatda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar ýene ýitileşdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, nagt pul we azyk ýetmezçiliginiň arasynda, Aşgabadyň bankomatlarynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Nobatlarda duran raýatlar, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi sebäpli, pensiýa we zähmet haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.

Mätiýew: Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär

Azathabar.com 

Türkmenistandaky krizisiň esasy sebäbi, Tuhbatulliniň sözlerine görä, häkimiýetleriň ýurduň Konstitusiýasyny, raýatlaryň azatlyklaryny we hukuklaryny düýpden äsgermezligi... bolup durýar; ýurt içinde hiç bir garaşsyz habar serişdesi ýok, raýat jemgyýetiniň başlangyçlary bolsa ýok edildi.

Maryda wirusyň ýaýramagyna garşy hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirildi

Azathabar.com 

Aşgabat şäherinde we Lebap welaýatynda koronawirusyň täze tolkunynyň dörändigi barada maglumatlaryň gelip gowuşýan mahaly, Maryda keselçiligiň ýaýramagyna garşy hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirildi. Maryny beýleki regionlar bilen birleşdirýän ýollardaky postlarda gözegçilik artdyrylyp, sebite goýberilýän raýatlar we ulaglar göz-görtele azaldy. Bu çäklendirmeleriň arasynda, ilata köpçülikleýin sanjym etmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Ýakutiýanyň "Buz kenary" - Russiýanyň iň sowuk sebitinde yssydan gaçybatalga

Azathabar.com 

Sibiriň Ýakutiýadaky “buz kenary” Russiýanyň iň ajaýyp ýerlerinden biridir. Bu ýer Buluus buzlugy diýlip hem atlandyrylýar. Onuň geografiýa taýdan amatly ýerleşişi we bu ýerdäki hemişelik doňaklyk buzlugy ýylyň dowamynda doňaklyk görnüşinde saklaýar. Tomus aýlarynda bu buzluk Ýakutiýanyň yssydan iren ýerli ýaşaýjylaryny we uzak ýerlerden syýahatçylary özüne çekýär.

Owgan hökümet goşunlary we “Talyban” Pakistan serhet geçelgesiniň üstünde söweşýär

Azathabar.com 

Owgan goşunlary Owganystanyň Spin Boldak Pakistan serhet geçelgesiniň üstünde “Talyban” jeňçilerine garşy söweşe dowam etdirýär. ABŞ güýçleriniň uruşdan ejir çeken ýurtdan 31-nji awgusta çenli doly çekilmeginiň öňüsyrasynda, jeňçileriň güýçlendiren hüjümleriniň çäginde bu serhet geçelgesini ozal basyp alandygy habar berilýär. Spin Boldak geçelgesiniň üstündäki söweşler ýokary derejeli owgan resmisiniň Pakistany serhet ýakada jeňçileri howa ýardamy bilen üpjün etmekde aýyplaýan wagtyna gabat gelýär. Читать дальше...

Belarusda demonstrantlara garşy goşun ulanmaga rugsat berildi

Azathabar.com 

Aleksandr Lukaşenko “Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky” kanuna üýtgetmeleri tassyklady. Düzedişlere görä, ýurtda diňe, ozal bolşy ýaly, tebigy betbagtçylyklar we hadyslar sebäpli däl, eýsem bidüzgünçilikler sebäpli hem adatdan daşary ýagdaý yglan edilip biler. Belarus häkimiýetleri muny beýleki zatlara, "konstitusiýa düzgünini zor bilen üýtgetmek, häkimiýeti basyp almak ýa-da eýelemek" synanyşyklaryna goşdy. Kanuna laýyklykda, adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda metbugat serişdeleriniň... Читать дальше...

AÝ/AR žurnalistleriň "daşary ýurt agentleri" sanawyna goşulmagyny ýazgarýar

Azathabar.com 

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy media korporasiýasynyň prezidenti Jeými Flaý Russiýanyň Adalat ministrliginiň Rus gullugynyň žurnalisti Elizaweta Maetnaýany "daşary ýurt agentleri" sanawyna goşmak baradaky kararyndan alada galýar. “Biziň işgärlerimiz, öz hünär ukyplaryny ulanyp, diňleýjilere obýektiw habarlary we tassyklanan maglumatlary berýän hakyky rus  watançylary. Kremliň garaşsyz žsurnalistlere edýän hüjümlerini güýçlendirmegi ruslary öz ýurdunyň taryhyndaky möhüm döwürde maglumat almak mümkinçiliginden kesýär” diýip, Flaý aýtdy. Читать дальше...

Gyrgyzystan Owganystandan Täjigistana gaçan 340-den gowrak etniki gyrgyzy kabul eder

Azathabar.com 

Gyrgyzystan Owganystandan Täjigistana gaçyp baran etniki gyrgyzlaryň ewakuasiýa edilmegine kömek bermek haýyşy bilen BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň sebitara wekilhanasyna ýüz tutdy diýip, Daşary işler ministrligi habar berýär. Gyrgyz häkimiýetleri Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Owganystandan gaçan gyrgyzlaryň Gyrgyzystan bilen serhede gelmegine kömek bermegini sorady. Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň serhet goşunlarynyň habaryna görä, soňky iki günde Owganystandan 347 sany etniki gyrgyz Täjigistana geçdi. Читать дальше...

Putiniň Ukraina baradaky makalasy goşunda hökmany öwrenilmeli edildi

Azathabar.com 

Wladimir Putiniň "Ruslaryň we ukrainleriň taryhy birligi barada" diýen at bilen çap edilen makalasy rus goşunyndaky harby-syýasy okuwlarda geçilmeli hökmany temalaryň biri boldy. Bu bardaky degişli buýruk goranmak ministri Sergeý Şoigu tarapyndan berildi. Makala 12-nji iýulda Kremliň resmi web sahypasynda çap edildi. Rus prezidenti öz makalasynda soňky müňýyllygyň ortalarynda "Ukraina" adynyň “gyrak-bujak, çet” manysynda ulanylandygyny, Kiýewiň, Dnepriň çep kenarynyň, Poltawşinanyň, Çernigowşinanyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Свентек выиграла титул WTA в Мадриде






Сына замминистра МВД России отправили в колонию

ЕС выступил с реакцией на ядерные учения России

Певец Сергей АРУТЮНОВ и солистка группы Демо - встречаются, или просто выпустили совместный хит “Солнышко”? Разлад АРУТЮНОВА и Маши Малиновской?

Представители США отказались посетить инаугурацию Путина