Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Rus saglyk ministri oktýabrda COVID-19-a garşy “giň” sanjyma başlanjakdygyny çaklaýar

0
Orsýet oktýabr aýynda koronawirus ýokuşmasyna garşy “giň sanjym”, waksina geçirmegi planlaşdyrýar diýip, ýurduň saglyk ministri 1-nji awgustda aýtdy.


Saglyk ministri Mihail Muraşko Nižniý Nowgorodda žurnalistler bilen söhbetdeşlikde sanjym programmasynda mugallymlaryň we medisina işgärleriniň ileri tutuljakdygyny aýtdy.


Muraşko sanjym ýa-da waksina programmasy barada başga anyk maglumat bermedi.


“Roýters” habar gullugy hepde başynda ady aýdylmadyk çeşmä salgylanyp ýamzagyna görä, Orsýetiň ilkinji COVID-19 sanjym kandidaty awgust aýynda hökümet tassyknamasyny almaly.


Habar berlişine görä, Orsýetde iki sanjym ýa-da waksina bar: olaryň biri Moskwada ýerleşýän Gamaleýa instituty tarapyndan Goranmak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda we beýlekisi Nowosibirskdäki Wektor döwlet barlaghanasy tarapyndan tassyklanyldy.


ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça iň ýokary derejeli işgäri Entoni Fauci 31-nji iýulda ABŞ Kongresiniň öňünde eden çykyşynda COVID-19 sanjymlarynyň Orsýetde we Hytaýda öndürilýändiginden alada bildirdi.


"Hytaýlylar we ruslar sanjymy hiç kime bermezden ozal synagdan geçirerler diýip umyt edýärin" diýip, Fauci aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса