Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

"Memorial" merkezi azatlykdan mahrum edilen iki türkmen studenti barada täze maglumatlary äşgär etdi

0

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkez türkmen türmelerinde dini ynanjy sebäpli saklanýan ýüzlerçe syýasy tussagyň bardygyny ýazyp, olaryň arasynda Russiýadan Türkmenistana baran iki türkmen studenti Kakajan Halbaýewiň we Kemal Saparowyň bardygyny aýdýar.

Düýbi Moskwada ýerleşýän "Memorial" merkeziniň studentleriň Sankt-Peterburgdaky tanyşlaryna we Kakajanyň ejesine salgylanyp, 10-njy awgustda çap eden maglumatyna görä, olar 2017-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistana dolanandan gysga wagt soň tussag edilip, 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

"Ýakynda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkez studentler bilen baglanyşykly resminamalary almagy we kazyýet işine gatnaşan Kakajanyň ejesi bilen gürleşmegi başardy. Biziň pikirimizçe, hatda resmi materiallar hem hökümiň esassyzdygyny we adalatsyzdygyny aç-açan görkezýär" diýip, merkeziň maglumatynda aýdylýar.

Habarda bellenmegine görä, 1995-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dünýä inen Kakajan Halbaýewiň ejesi Gülşat Orazmedowa öz maşgalasynyň dindardygyny aýdýar. Onuň ogly mekdebi gutarandan soň, 2013-nji ýylyň güýzünde Russiýa gitdi we Iwangorod ynsanperwer we tehniki institutynda okuwa başlady. Ol 2017-nji ýylyň noýabrynda okuwyny tamamlap öýüne dolandy. Okaýan döwri dynç alşa çykanda, öýüne birnäçe gezek geldi. Onuň Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary bilen hiç hili kynçylygy ýokdy.

"2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Kakajanyň tanyşy, onuň bilen 2013-nji ýyldan bäri şol institutda okan Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýew "Pulkowo" aeroportunda tussag edildi. Jumadurdiýew uly dogany Arslanyň ýolbaşçylygyndaky hasaba alynmadyk dini topar bilen bagly gozgalan iş sebäpli Türkmenistanda gözlenýänleriň sanawyna girizilýär. 2017-nji ýylda Arslan 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi we Jumadurdiýew bir ýyl soň rus häkimiýetleri tarapyndan türmeden boşadyldy" diýip, merkez ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, Jumadurdyýew Russiýada tussag edilenden gysga wagt soň, Türkmenistanyň ýörite gulluklary onuň Sankt-Peterburgdaky tanyşlary bilen söhbetdeşlik geçirip başlady.

2018-nji ýylyň ýanwarynda şeýle söhbetdeşlikleriň biri Kakajan Halbaýew bilen geçirilýär. Merkeziň ýazmagyna görä, ony Daşoguz welaýat bilim bölümine çagyryp, şol ýerde Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň (MHM) işgärleri onuň bilen üç sagatdan gowrak söhbetdeşlik geçirdiler. Oňa "Jumadurdyýewi tanaýaňmy? Sankt-Peterburgdaky türkmenlerden başga-da kimleri tanaýarsyň? Namaz okaýarsyňmy? diýen soraglary berdiler.

"2017-nji ýylyň ahyrynda Sankt-Peterburgdan gaýdyp gelen türkmen studenti Kemal Saparow toslama aýyplada, ýagny ownuk huligançylykda aýyplanyp, 2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Aşgabatda tussag edildi. 10-njy fewralda ýörite gulluklar onuň tussag edilmegini jenaýat işinde güman edilýän adam hökmünde resmileşdirdiler, 13-nji fewralda bolsa ol döwlete garşy hereketlerde aýyplandy" diýip, merkeziň habarynda aýdylýar.

Kakajan bilen baglanyşykly hem şuňa meňzeş ýagdaý gaýtalandy. Ýöne türkmen häkimiýetleriniň resmi wersiýana görä, Kakajanyň polisiýa tarapyndan 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aşgabatda saklanandygy aýdylýar. Ýöne onuň ejesi hemme zadyň başgaça bolandygyny aýdýar.

"Etrap polisiýa işgäri jaň edip, "ogluňyz gelsin, biz onuň bilen gürleşeris we goýbereris" diýdi. Kakajanyň özi polisiýa gitdi. Soň bolsa jaň etdi we "Eje, meni goýberýärler" diýdi. Soňra onuň telefony kesildi. Şondan soň men ony kazyýet işine çenli görmedim. Soňra etrap polisiýa işgäri ýene jaň etdi we: "Indi gelip, Kakajanyň zatlaryny alarys" diýdi. Biz olara protokolsyz hemme zady berdik. Gurhany, fleş diski, telefony, öý kompýuterimiziň prosessoryny, planşeti we sumkany" diýip, "Memorial"merkezi Kakajanyň ejesi Gülşadyň sözlerini sitirledi.

Gülşadyň alan resmi jogaplaryna görä, 2018-nji ýylyň 6-njy fewralynda onuň ogly etrap polisiýasy tarapyndan tussag edilipdir we Türkmenistanyň Administratiw kodeksiniň 345-nji maddasyna laýyklykda, ownuk huligançylykda aýyplanyp, ýedi gün administratiw tussaglyga höküm edilipdir. Onuň obadaşlarynyň biri bilen ýakalaşandygy aýdylypdyr.

"Ýedinji gün agşam etrap polisiýasyna oglum bilen duşuşaryn öýdüp geldim. Bir işgär meniň ýanyma gelip, Kakajanyň Aşgabada äkidilendigini aýtdy. Nirä, näme üçin - muny aýtmadylar. Birnäçe häkimiýete hat ýazdym, jogap ýok. Sebit prokurory bilen duşuşmaga gitdim, "Oglum öldürildimi ýa näme?" diýip soradym. Ol bir ýere jaň etdi, soň bolsa: "Ogluňyz Aşgabadyň Köpetdag etrabynda" diýdi. Men Aşgabat şäherine gitdim. Sülçi oglumyň kompýuterinde musulman wagyzynyň tapylandygy sebäpli tussag edilendigini aýtdy. Aklawçy tapdym ..." diýip, Gülşat aýtdy.

Kazyýetiň kararlaryndan görnüşine görä, Kakajan Halbaýew we Kemal Saparow konstitusiýa düzgünini (Jenaýat kodeksiniň 174-nji maddasynyň 1-nji bölümi) zor bilen agdarmak maksadynda, guramaçylykly topar tarapyndan edilen ýa-da metbugaty ulanmak arkaly konstitusiýa tertibini zor bilen üýtgetmäge çagyrmakda (Jenaýat kodeksiniň 175-nji maddasynyň 2-nji bölümi), guramaçylykly topar tarapyndan edilen dini duşmançylygy öjükdirmekde (Jenaýat kodeksiniň 177-nji maddasynyň 3-nji bölümi), jenaýat jemgyýetini guramakda we oňa gatnaşmakda (Jenaýat kodeksiniň 275-nji maddasynyň 1-2-nji bölümi) dildüwşük etmekde aýyplandy.

Derňewiň netijesine görä, ähli "jenaýatçylykly hereketler" Sankt-Peterburgyň çäginde amala aşyryldy. 2015-2016-njy ýyllarda Russiýanyň “demirgazyk paýtagtynda” bolan Türkmenistanyň 12 raýatyň “Wahabi”, “Salafi”, “Musulman doganlygy” we “Hizb ut-Tahrir” dini jemagatlarynyň agzasy bolandygy aýdylýar. Olaryň dini meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin kafelerde we metjitlerde duşuşyp, derňewde aýdyňlaşdyrylmaýan näbelli rus raýatlary bilen bilelikde guramaçylykly jenaýat toparyny döredendigi aýdylýar. Şeýle-de, olaryň Türkmenistanda häkimiýeti ele geçirmäge çagyrandygy, öz işleri üçin internedi ulanandygy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly Türkmenistanda Yslam döwletini döretmäge çagyrandygy we ş.m-ler aýdylýar.

"Prokuraturanyň sözleriniň tersine, günäkärlenýänleriň hökümde görkezilen dini hereketleriň haýsydyr birine, çagyryşlara ýa-da dini wagyz etmek, dildüwşük, ýigrenji öjükdirmek, habar beriş serişdeleri ýa-da internet arkaly maglumat ýaýratmak we ş.m-lere gatnaşandygyny delillendirýän subutnamalar ýok. Sankt-Peterburgdaky kafede we metjitde türkmen studentleriniň aragatnaşygy barada aýdylanda, derňew materiallarynda bu duşuşyklarda haýsy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy, kimiň we näme diýendigi görkezilmeýär" diýlip, habarda aýdylýar.

Derňewiň dowamynda ýeke-täk zat, ýagny Halbaýew bilen Saparowyň öz watandaşlary bilen duşuşyp, dini we beýleki temalar boýunça söhbetdeşlik edendigi, şeýle-de Russiýadan Röwşen Gazakowyň leksiýalary bilen birlikde, türkmen dilindäki audio faýllary Türkmenistana getiren bolmagy ýüze çykaryldy.

Kajanyň ejesiniň derňewçiniň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, onuň oglunda Gazakowyň iki ses faýly tapylypdyr. Beýleki studentde mundan hem köp. Kazyýet resminamalarynda ýüze çykarylan faýllar we olaryň mazmuny barada takyk maglumat ýok.

Sud diňlenişigine gatnaşmagy başaran ýeke-täk tomaşaçy Gülşat ogly Kakajanyň diňe musulman bolmak isländigini, başga maksatlarynyň ýokdugyny, hiç bir faýly ýaýratmandygyny aýdandygyny gürrüň berdi diýip, merkez belleýär.

"Memorialyň"maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde Aşgabat şäher kazyýeti öňki studentleri 15 ýyl azatlykdan mahrum edip, olary berk režimli koloniýada saklamak barada karar çykardy. 2018-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Kakajan Halbaýewiň aklawçysynyň şikaýatyna seredip, hökümi öz güýjünde galdyrdy.

Kazyýetiň kararyndan bäş gün soň, Kakajanyň garyndaşlary onuň bilen ilkinji gezek duşuşmagy başardylar. Şol wagt ol Aşgabadyň golaýyndaky Ýaşlyk obasyndaky suddan öňki tussaghanada saklanýardy.

"Oglum urulmandygyny aýtdy. Munuň şeýledigini ýa-da diňe bizi köşeşdirmek isländigini bilemok. Şeýle hem ol: "15 ýyl berilenine begenýändigini, 25 ýyl berilmegine garaşandyklaryny" aýtdy" diýip, merkez Gülşadyň sözüni getirdi.

2018-nji ýylyň iýun aýynyň başynda öňki studentler Baýramalynyň koloniýasyna geçirildi. Kakajan Halbaýewiň garyndaşlary henizem esassyz hökümiň gözden geçirilmegini gazanmaga synanyşýarlar. 2019-2020-nji ýyllarda olar Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we Ýokary kazyýetine täze şikaýatlary iberdiler, entek oňyn jogap ýok diýip, "Memorial" merkezi aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň bu studentleriň ykbaly barada türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda ýurduň Daşoguz welaýat we Aşgabat şäher prokuraturalaryndan kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistan kanun boýunça dünýewi, hukuk döwleti bolup, ýurduň Baş konstitusiýasyna laýyklykda her bir adamyň öz islän dinine ynanmak ýa-da hiç bir dine uýmazlyk hukugy bar. Emma muňa garamazdan, Türkmenistan dini azlyklaryň wekillerini, şol sanda yslam dinine uýýanlary ýanamakda, dini azatlyklary basgylamakda yzygiderli tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus



Россия и Дети: театр кукол Ульгэр в Бурятии покажет концерт-представление "Вальс Победы"

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

Культура России: как прошёл конкурс бурятского языка для детей в Бурятии?

Героическое участие армян в СВО. Часть третья


ЗЕЛЕНЬ для здоровья мужчин и женщин: советы аюрведы

Вседозволенность азербайджанской диаспоры в России или как пантюркистские националисты 29 апреля перекрыли улицу в центре Москвы

Актерское агентство Киноактер. Актерское агентство в Москве.

Операция "Кольцо" 33 года спустя: Государственный терроризм на территории Республики Армения


Tyson Fury vs Oleksandr Usyk undercard: Who is fighting on huge Saudi bill?

Tom Aspinall says UFC 304 start time is ‘awful’ and should be changed as Brit provides update on next opponent

5 Things To Remember When A Friendship Ends

13 Crops You'd Be INSANE Not To Plant in May


Метеоры между Петербургом и Петергофом совершили первые отправления в этом году

Культура России: как прошёл конкурс бурятского языка для детей в Бурятии?

Героическое участие армян в СВО. Часть третья

В Россию привезли экземпляр пикапа от Илона Маска


Гайд по фарму золота в Solo Leveling: Arise

Музыкальную игру Blue Wednesday с глубоким сюжетом выпустили на iOS

Star Wars: Hunters выпустят по всему миру в начале июня

Игра All of You от создателей Love You to Bits и Bring You Home больше не эксклюзив Apple Arcade


Депутат Миколаївської облради Кормишкін вперше опублікував своє весільне фото


XXIII Московский Пасхальный фестиваль проходит при поддержке Relax FM

Sqwoz Bab тур при партнерстве Like FM

Магнитная буря 2 мая может спровоцировать северное сияние в Москве

Продвижение новых песен с высоким результатом




«Автодор» попросил водителей заправляться заранее после очередей на АЗС на М-12

Электрокроссовер Voyah Free получил новую версию для России. Ее представили в Москве

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

Появились кадры крупного пожара на улице Бурякова


«Тоттенхэм» уступил «Челси» в лондонском дерби в чемпионате Англии

Вадим Верван: День Победы всегда будет святым для русского народа

Психолог объяснила, как смотреть с детьми кино о войне, чтобы не травмировать их психику

Танк Abrams заметили на трассе под Ельцом


Чех Легечка пожелал здоровья россиянину Медведеву, который снялся с их матча

Рублев о победе над Алькарасом на турнире в Мадриде: мне очень помогла подача

Андреева обыграла Паолини и вышла в 1/4 финала турнира WTA в Мадриде

Россиянка Полина Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису


Тренер Газзаев: ЦСКА вполне по силам обыграть "Зенит" в Санкт-Петербурге

Планируете отдых на Черном море? Отель “Мишель” предлагает отличный сервис по приемлемым ценам

Энтомолог Марьинский рассказал, какие вредители могут появиться в огороде в мае

Прием заявок на конкурс проектов «Бюджет для граждан» начался в Подмосковье


Музыкальные новости

«Коноплянка» гнездится в России // Московский «Кристалл» начнет выпуск белорусской водки

Артистка Госцирка Бурятии Аригма Цыремпилова начинала как девочка-каучук (Культура в России, Дети и Театр)

Концерт "Русская душа"

Анастасия Ивлеева удалила из Instagram все фотографии и видеоролики



Магнитная буря 2 мая может спровоцировать северное сияние в Москве

XXIII Московский Пасхальный фестиваль проходит при поддержке Relax FM

Обвалилась кровля На горящем заводе в Москве удалось локализовать огонь

Продвижение новых песен с высоким результатом


Легионер "Локомотива" Ньямси: в Москве жизнь дешевле, чем в Париже

Актерское агентство Киноактер. Актерское агентство в Москве.

Собянин рассказал о программе развития туризма столицы до 2030 года

"Вальс Победы" покажет Театр Ульгэр в честь Дня Победы, Россия, Культура Дети, Концерт


Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о росте продаж отечественных авто

Тема дня: Правительство утвердило Концепцию развития автомобильного туризма до 2035 года

HONGQI привез на автосалон в Пекине сразу несколько новинок

«Кубок футбольных мам» прошел на стадионе «Москвич» в Лобне


Путин: пример поколения ветеранов Великой Отечественной войны вдохновляет и сейчас

«Коноплянка» гнездится в России // Московский «Кристалл» начнет выпуск белорусской водки

Уполномоченный по защите прав предпринимателей в Челябинской области: Бизнес ожидает укрепление, рост и предсказуемые условия

Участников СВО обучат для работы в органах власти





Мощная магнитная буря может вызывать северное сияние над Москвой и Петербургом

Дело экс-педиатра Буяновой о фейках про ВС России отправили в московский суд

Магнитная буря 2 мая может спровоцировать северное сияние в Москве

Ученые: Магнитная буря 2 мая может вызвать северное сияние в Москве



Новинка от Edifier: беспроводные наушники Comfo Run для занятий спортом

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о чемпионате по профмастерству в авиастроении

В дивизии имени Ф.Э. Дзержинского Росгвардии стартовал турнир по боксу «Кубок Победы»

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о подготовке специалистов в спортивной сфере


В Минске одобрен проект соглашения о системе таможенного транзита ЕАЭС



Собянин и Белозеров запустили на линии МЦД поезд нового поколения «Иволга 4.0»

Собянин назвал основные задачи по развитию разных направлений туризма в Москве

Собянин рассказал о программе развития туризма столицы до 2030 года

Собянин: в 2024 году в ТиНАО будет построено более 35 километров дорог


Как выбрать идеальный район для семейной жизни в Москве

Воспитанник Московского дворца пионеров стал лауреатом конкурса «Эксперимент в космосе. Космос для всех»

Минэкологии требует возместить ущерб в 19 млн руб от свалки в Ленинском округе

Мотогруппы спасателей приступили к патрулированию


Международная научно-практическая конференция прошла в Пскове

Планируете отдых на Черном море? Отель “Мишель” предлагает отличный сервис по приемлемым ценам

Улицы и дороги Химок украсили декоративными элементами ко Дню Победы

Тренер Газзаев: ЦСКА вполне по силам обыграть "Зенит" в Санкт-Петербурге


Архангельские тяжелоатлеты успешно выступили на зональных соревнованиях

Следственный комитет предупреждает: не оставляйте детей без присмотра в комнате с открытым окном

В Архангельске работать в летнюю навигацию будут девять теплоходов

Май спрогнозировали россиянам синоптики


В районе Симферополя появится крупный жилой микрорайон - ЖК "Республика"

Россия, Культура, Дети: Звезда госцирка Бурятии, артистка Аригма Цыремпилова

Еженедельный вестник катастроф

В Симферополе проведен рейд по бывшим мигрантам


Правда ли, что антисемиты выгнали советского писателя Алексина в Израиль?

Яд в банках: в популярных марках кофе Росконтроль выявил фальсификаты

Планируете отдых на Черном море? Отель “Мишель” предлагает отличный сервис по приемлемым ценам

Названы регионы РФ с самым большим миграционным приростом в начале 2024 года












Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA-1000 в Мадриде






Виталий Гинзбург: они будут манипулировать коррупцией в своих интересах.

Эксперт в области культуры, искусства и моды Елена Шерипова: как привить детям любовь к выставкам и театрам

Диетолог Соломатина посоветовала не есть кулич на ужин

Правда ли, что антисемиты выгнали советского писателя Алексина в Израиль?