Bilelikdäki beýannama: BAE Ysraýyly ykrar edýär
Ysraýyl we Birleşen Arap Emirlikleri, ABŞ-nyň araçylyk etmeginde, gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada ylalaşyk baglaşdy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu barada habar berip, twitterde bilelikdäki beýannamany çap etdi.
Beýannamanyň tekstinde hususan-da Ysraýylyň palestinalylaryň geljekki döwletleriniň bir bölegi hökmünde görmek isleýän ýerlerinde, Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky topraklaryň bir bölegine özygtyýarlylygyny yglan etmekden saklanjakdygy aýdylýar. Taraplar "taryhy böwsüş Ýakyn Gündogarda parahatçylygy ösdürmäge kömek eder" diýip umyt edýändiklerini aýtdylar.
BAE Ysraýyl bilen işjeň diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji Aýlag döwleti we dünýäde üçünji arap döwleti boldy. 1979-njy ýylda Müsür, 1994-nji ýylda Iordaniýa bilen parahatçylyk ylalaşygy baglaşyldy diýip, BBC ýazýar.
Ylalaşyga gatnaşýan ýurtlaryň ýakyn wagtda ilçilerini belläp, diplomatik wekilhanalaryny açmagyna garaşylýar.
Tramp administrasiýasy bu ylalaşygyň Ysraýyl, Emirlikler we Birleşen Ştatlaryň arasynda geçirilen uzyn çekeleşikleriň netijesidigini we gepleşikleriň soňky döwürde ep-esli derejede ilerländigini nygtady.
Taraplaryň kadalaşdyrmak baradaky ylalaşygyny tassyklan telefon söhbetdeşligi dördünji gün, Donald Trampyň, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň we Abu-Dabiniň şazadasy Şeýh Muhammet bin Zaýediň gatnaşmagynda geçirildi.
Ysraýyl we BAE delegasiýalary ýakyn hepdelerde Abu Dabi bilen Tel Awiwiň arasynda maýa goýumlary, howpsuzlyk, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we göni uçuşlar bilen baglanyşykly bilelikdäki resminamalara gol çekmek üçin duşuşarlar.
Tramp administrasiýasynyň wekilleri "Roýter" habar gullugyna beren beýanatlarynda bu ylalaşygyň musulmanlaryň Gündogar Iýerusalimdäki Al-Aksa metjidine barmak mümkinçiligini giňeltjekdigini aýtdy.
Şeýle-de taraplar täze koronawirusly näsaglary bejermek we oňa garşy sanjym öndürmek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy çaltlaşdyrmagy maksat edinýärler.