Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

"Giň ýaýran gynama" aýyplamalary sebäpli Belarusa garşy sanksiýa girizmek maslahaty edilýär

0
Ýewropa Bileleşigi "ne azat, ne-de adalatly" diýlip häsiýetlendirilen saýlawlar sebäpli ýüze çykan protestlere garşy gazaply basyşa jogap hökmünde, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka garşy basyşy güýçlendirmek isleýär.


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 14-nji awgustda Brýusselde geçirilýän adatdan daşary ýygnagynyň öňüsyrasynda, Belarus häkimiýetleri irden ýüzlerçe tussagy boşatmaga başlady.


Erkinlige çykarylanlaryň köpüsi tussag şertlerini, ýenjilmeleri we beýleki sütemleri elhenç diýip häsiýetlendirdi, halkara günä geçiş guramasy, “Amnesty International” bu aýdylýanlary “giň ýaýran adam gynalmasy” diýip atlandyrdy.


Iň azyndan iki demonstrant öldi we 9-njy awgustda döwlet tarapyndan yglan edilen saýlaw netijelerinde awtoritar Lukaşenkanyň 80% ses alyp, altynjy möhlete prezident saýlanandygy aýdylandan  soň möwjäp galan protestler arasynda 6,700 adam tussag edildi.


Litwa gitmäge mejbur bolan oppozisiýa kandidaty Swetlana Tihanowskaýa resmi taýdan yglan edilen saýlaw netijelerini ret etdi.


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell, Bileleşigiň ýokary derejeli diplomatlarynyň ýygnanmaga çagyryp, protestçilere garşy görülýän ýowuz basyp ýatyrmalaryň bes edilmegini, adam hukuklaryna we demokratiýa hormat goýulmagyny talap etdi.


Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas 13-nji awgustda Berlinde ÝB Minskdäki "hökümdara edilýän basyşy ýokarlandyrmaly" diýdi. ÝB derejesinde "sanksiýalar barada ýygjam maslahat edilýär" diýip, ol aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса