Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Orsýetliler Putine garşy protestlerini dowam etdirýär, "Uzak ýaşa, Belarus!" diýip gygyrýar

0
Müňlerçe demonstrant Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde ýöriş geçirdi. Bu ýerde bir aýdan gowrak wagt bäri prezident Wladimir Putiniň sebitdäki syýasy krizisde oýnaýan roluna garşy ýörişler geçirilýär. 


Protestçileriň  käbiri 15-nji awgustda Habarowsk şäheriniň içinden geçip barşyna "Uzak ýaşa, Belarus!" diýip gygyrmak bilen,  Belarusda geçirilen ses berişligiň galplaşdyrylandygyny aýdýan we muňa  garşy çykýan protestçileri goldaýandyklaryny bildirdiler.


9-njy awgustda Belarusda geçirilen saýlawda 26 ýyllyk prezident Aleksandr Lukaşenkanyň altynjy möhlete prezident saýlanmagynyň yglan edilmegi we nägilelik bildirenleriň urlup-ýenjilmegi ýurtda uly protest çäreleriniň geçirilip başlamagyna alyp geldi.


Uzak gündogarly demonstrantlar merkezi häkimiýetler gubernator Sergeý Furgaly tussag edip, paýtagt Moskwa äkideli bäri gahar-gazap bildirmek üçin Habarowskdäki köpçülikleýin demonstrasiýalara gatnaşdylar. Habarowsk protesti mahalynda tussag edilenler barada barada maglumat ýok. 


Habarowskiň häkimiýetleri demonstrantlaryň sanynyň "ep-esli azalandygyny" we 15-nji awgust ýörişine bary-ýogy 1500 adamyň gatnaşandygyny aýtdylar. Ýöne ýörişiň göni ýaýlymynda oňa birnäçe müň demonstrantyň gatnaşandygy görkezildi. Protestçiler Furgalyň derrew boşadylmagyny talap etdiler.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса