Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Türkmenistan otly gatnawlaryny 1-nji sentýabra çenli togtadýandygyny aýdýar

0
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistanyň Demirýol edarasyna salgylanyp,  ýurtdaky ýolgaçy otlularynyň gatnawlarynyň 1-nji sentýabra çenli togtadylýandygyny habar berýär.


Şol bir wagtda,resmi  bildirişde aýdylmagyna görä, “Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizilýär”.


Şeýle-de, ýolagçy gatnawlarynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda amala aşyrylýandygy aýdylýar.


TH mundan öň Türkmenistandaky otly gatnawlarynyň 16-njy iýuldan 23-nji iýula çenli aralykda togtadylandygyny, soňra bu möhletiň 1-nji awgusta çenli uzaldylandygyny, indi bolsa, 15-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli uzaldylýandygyny belleýär.


Resmi maglumata görä, Türkmenistanda hiç bir koronawirus hadysasy hasaba alynmady. Emma Azatlygyň habarçylary öýken kesellerinden ölýän adamlaryň köpelendigini habar berýärler.


Türkmenistanda koronawirus sözi resmi habarlarda kän agzalmaýar we  ýüz maskalarynyň geýilmegi hem-de beýleki çäreler “zyýanly tozanjyklardan” goranmak zerurlygy bilen baglanyşdyrylýar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса