Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Kabula edilen raketa hüjümlerinde azyndan 10 adam ýaralandy

0
Owgan resmileri ýurtda garaşsyzlygyň 101 ýyllygy bellenilýän mahaly, Kabuldaky ýaşaýyş we diplomatik sebitlere raketalaryň ençemesi atylandan soň, azyndan 10 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.


Owganystanyň Içeri işler ministrligi 18-nji awgustda beren maglumatynda iki ulagdan 14 sany raketanyň atylandygyny we bu waka bilen ilteşikli iki şübheliniň tussag edilendigini aýtdy.


Partlamalar esasy diplomatik etrapçany sarsdy. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, ilçihana işgärleri gorag astyna alnan mahaly, etrapça dessine petiklendi.


Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Bu hüjüm Birleşen Ştatlar Owganystanda 19 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän urşy bes etmek üçin “Talyban” bilen Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabuldaky hökümetiň arasynda parahatçylyk gepleşiklerine başlamaga synanyşýan we öz goşunyny bu ýurtdan çykarýan mahaly boldy.


“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid hüjümlerden habarsyzdygyny aýtdy.


“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň Owganystanda hereket edýän bölümi geçmişde raketa atyp, milli dabaralary böwetläpdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса