Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Içaly tussag edilenden soň Norwegiýa russiýaly diplomaty kowýar

0
Norwegiýa ýaňy-ýakynda içalyçylyk aýyplamalary bilen tussag edilen norweg raýatynyň işi bilen ilteşikli bir russiýaly diplomaty kowdy.


Norwegiýanyň daşary işler ministrligi Russiýanyň  ilçisini çagyryp, agzalýan rus diplomatynyň “diplomat wezipesine we durumyna laýyk gelmeýän işlere baş goşandygy” sebäpli, onuň ýurdy terk etmegini haýyş etdi diýip, 19-njy awgustda NRK döwlet telewideniýesi habar berdi.


Hindistanda doglan bir norweg raýaty 15-nji awgustda paýtagt Osloda bir rus aňtaw ofiseri bilen pizza restoranynda duşuşýan wagty Norwegiýanyň PST aňtaw agentligi tarapyndan tussag edildi. Norweg häkimiýetleri güman edilýäniň adyny aýtmaýar, ýöne NRK telekanaly onuň şahsyýetini 50 ýaşly Harşarn Sing Tathgar diýip, anyklady.


Ol 17-nji awgustda dört hepdelik wagtlaýyn tussaglyga alyndy. Sorag wagtynda güman edilýäniň rus diplomatyndan pul alandygyny we oňa maglumat berendigini özüniň boýun alandygy habar berilýär.   



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса