Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Meksikada sapaklar TW arkaly geçiriler

0
Meksika koronawirus aladalarynyň arasynda ýurtdaky 30 million mekdep okuwçysyna telewideniýe arkaly bilim bermäge synanyşýar. Bu aralykda, ABŞ-daky onlaýn sapaklarynyň ilkinji gününde wideo-konferensiýalary gurnamaga mümkinçilik berýän meşhur Zoom serwisinde näsazlyklar ýüze çykdy.


ABŞ-da millionlarça student onlaýn görnüşde sapaga başlanda, Zoom 2,5 sagat töweregi elýetersiz boldy.


Zoom pandemiýa döwründe onlaýn maslahatlary, söhbetleri, sapaklary gurnamak üçin giňden ulanyldy.


Zoom ýüze çykan näsazlygyň jikme-jiklerini äşgär etmedi.


Meksikadaky ene-atalar telewideniýe arkaly beriljek bilimiň hiline, şeýle-de öý şertlerindäki okuwyň çagalaryň aňyna we bedenine täsir ýetirip biljekdigine alada bildirýärler.


Meksikada okuwlar martda togtadyldy.


Meksika koronawirusdan ölýänleriň sany boýunça ABŞ-dan we Braziliýadan soň, dünýäde üçünji orunda dur.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса