Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Habarowsklylar tussag edilen öňki häkimiň goragyna 50-nji protest ýygnanyşygyny geçirýär

0
Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäheriniň ýaşaýjylary sebitiň öňki häkimi Sergeý Furgalyň iýul aýynda tussag edilmegine garşy 50-nji protestini geçirdiler.


Ýerli metbugatyň habaryna görä, 29-njy awgustda şäheriň merkezindäki demonstrasiýa “müňlerçe” adam gatnaşdy, häkimiýetler märekäni 1200 töweregi diýip çaklady.


Protestçiler on ýyldan gowrak ozal birnäçe adam öldürmekde güman edilip tussag edilen we  Moskwa iberilen Furgalyň “adalatly sud edilmegi” üçin Habarowsk sebitine getirilmegini we şol ýerde sud edilmegini  talap etdiler.


Protestçiler bilen polisiýanyň arasynda tussag etmeler ýa başga bir sebäpli dawa-jenjeliň bolandygy habar berilmedi.


Moskwanyň demonstrasiýaçylaryň pikir-garaýyşlaryna baş galdyrmazlygy bilen, dowam edýän protestler Uzak Gündogardaky halk nägilelikleriniň ýokarlanýandygyny, adamlaryň gahar-gazabynyň barha artýandygyny  görkezýär.


Furgala tarapdar demonstrasiýalar, 11-nji iýulda başlaly bäri, dynç günlerinde on müňlerçe demonstranty özüne çekýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса