Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Gandagarda owgan güýçleri bilen “Talyban” çaknyşýar, onlarça adam öldi

0
Owganystanyň günortasyndaky Gandagar şäherinde hökümet güýçleri bilen “Talyban” jeňçileriniň arasyndaky çaknyşyklar tertip iki gün bäri dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy – Radio Azadi habar berýär.


Owgan harbylarynyň 10-njy iýulda beren maglumatyna görä, Gadagaryň Ýedinji polisiýa etrabyndaky we welaýatyň paýtagtynyň golaýyndaky Dana etrabyndaky çaknyşyklarda 70 jeňçi öldürilipdir, başga-da sekizsi ýaralanypdyr.


Howpsuzlyk resmileri “Talybanyň” ozalky berkitme şäherindäki ok atyşyklarda heläk bolan hökümet güýçleri barada maglumat bermediler.


Çaknyşyklarda parahat ilatyň arasyndan hem adamlaryň heläk bolandygy bellenilýär.


Gandagaryň polisiýa başlygy Jamal Nasi Barakzaýiniň 10-njy iýulda Radio Azadi aýtmagyna görä, jeňçiler adaty adamlary öýlerinden zor bilen çykaryp, olaryň jaýlaryny berkitme hökmünde ulanýarlar.


“Talyban” Gandagardaky çaknyşyklar barada maglumat bermedi. Emma jeňçi topary şäheriň golaýyndaky Spin Boldak, Dand we Žaraýi etraplaryndaky barlag-gözegçilik nokatlarynyň onlarçasyny öz gol astyna geçirendigini aýtdy.




1-nji maýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriň öz goşunlaryny Owganystandan çykaryp başlamagy bilen, “Talybanyň” ýurduň onlarça etrabyny öz gol astyna geçirendigi aýdylýar. Munuň netijesinde, Kabul hökümetiniň we owgan howpsuzlyk güýçleriniň synmagynyň mümkindigi barada howatyrlanmalar bildirilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса