Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Türkmen ÝOJ-lary dalaşgärleri okuwa kabul edip başlaýar

0
Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek kampaniýasy 12-nji iýulda başlanyp, 27-nji awgusta çenli dowam eder.  Bu barada Ministrler kabinetiniň 9-njy iýulda geçiren mejlisinde karar kabul edildi.


Türkmenistanyň prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler.


Geçen ýyllardan tapawutlykda, bu ýyl näçe adamyň ýokary okuw mekdepleriň talyplary boljakdygy aýdyňlaşdyrylmady. Geçen okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 student we orta hünär okuw mekdeplerine 9 müň 490 okuwçy kabul edilipdi. Türkmenistanyň orta mekdeplerinden her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany göz öňünde tutulanda ýokary okuwa kabul edilýänleriň sany ujypsyz bolmagynda galýar.


Galyberse-de, synçylar dalaşgärlerden, ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin olara isleg bildirýän raýatlardan uly möçberde para talap edilýändigini nygtaýar.


Türkmenistanyň bilim pudagyny öwrenýän ýerli synçylar Türkmenistanda berilýän bilimiň hiline soragly garaýar, studentleriň we professor mugallymlaryň döwletiň medeni-köpçülikleýin çärelere yzygiderli gatnaşmaga mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.


Ýurduň çägindäki ÝOJ-lara girip bilmedik ýaşlar esasan Türkiýe, Russiýa, Belarus, Ukraina ýaly ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga meýil edýärler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса