Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2021

BSG COVID-19-dan ölýänleriň ýene köpelýändigini aýdýar

0
Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) dünýäde COVID-19 hadysalarynyň we ondan ölýänleriň ýene-de köpelýändigini aýdýar.


Bu ýagdaý sanjym işleriniň haýalladylmagy, ýüz örtügini geýmek ýaly ätiýaçlyk çäreleriniň gowşadylmagy we wirusyň delta görnüşiniň çalt ýaýramagy bilen baglanyşykly hasaplanýar.


Ölýänleriň sany geçen hepde, bütin dünýä boýunça dokuz hepde azalyp, 55 müňden gowrak bolanyndan soň ýokarlanyp başlady. Bu bir hepde öňki ýagdaý bilen deňeşdirilende 3% köp bolýar.


Bütindünýä saglyk guramasynyň 14-nji iýuldaky maglumatyna görä, geçen hepde wirus näsaglarynyň möçberi 10% köpelip, tas 3 milliona ýetdi. Braziliýa, Hindistan, Indoneziýa we Angliýa ýaly ýurtlar ölüm we näsaglar babatynda öň hatarda durýar.


BSG keseliň delta görnüşiniň indi 111 ýurtda kesgitlenendigini we ýakyn aýlarda onuň bütin dünýäde agdyklyk etmegine garaşylýandygyny aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса