Lukaşenka Belarusdaky söz azatlygynyň "ekstremizme öwrülendigini" aýdýar
Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka sebit resmileri bilen bolan duşuşygynda ýurtdaky söz azatlygynyň, onuň pikiriçe, “ekstremist işjeňligine” öwrülendigini aýtdy. BelTA habar gullugy bu duşuşygyň Minskiň merkezindäki resmi rezidensiýada geçirilendigini habar berýär.
Lukaşenkanyň sözlerine görä, ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleri "gozgalaňa we ganly haklaşyga çagyrýar", "gorky atmosferasyny döredýär". Ol, anyklaşdyrmazdan, häkimiýetleriň "maglumat pudagyndaky ulgamlaýyn işleri tamamlaýandygyny" hem sözüne goşdy.
Belarusyň hukuk goraýjy guramalary we ýörite gulluklaryň işgärleri onlarça žurnalisti tussag etdi, ýurduň iň meşhur “Tut.by” internet neşirini ýapdy we adam hukuklaryny goraýjylary köpçülikleýin tussag etmek amala aşyrylýar.
Lukaşenka resmiler bilen söhbetdeşlikde häkimiýetleriň başgaça pikirlenmäge ýa-da dürli pikirlere garşy göreşmeýändigini aýtdy. "Hudaý saklasyn. Dürli nukdaý nazary kesseň, ýurt heläk bolar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, BelTA-nyň maglumatyna görä, "howpsuzlyk üçin zerur bolsa", Lukaşenka rus goşunlarynyň Belarusa salynjakdygyny aýtdy we, gerek bolan ýagdaýynda hökümetiň, “territoriallardan” başga, gysga wagt içinde 500 müň adamy ýaraglandyryp biljekdigini belledi.
Belarusda 2020-nji ýylyň awgust aýynda yglan edilen saýlaw netijelerinden soň, ýurt boýunça köpçülikleýin protestler geçirildi we saýlawlaryň galplaşdyrlandygyny aýdýan adamlar Lukaşenkanyň gitmegini we täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edýärler.