Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Новости за 21.04.2022

Aşgabatda "artyk" çörek alanlaryň 15 gün tussaglyga höküm ediljekdigi duýdurylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda dowam edýän un we çörek gytçylygynyň barha ýitileşýän döwründe Aşgabadyň häkimiýetleri çöregiň söwdasyna gözegçiligi gaýtadan güýçlendirdi. Häzirki wagtda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri döwlet dükanlarynda kesgitlenen möçberden "artyk" çörek satyn alýan raýatlary anyklamaga synanyşýarlar. Olar munuň üçin wideo we foto kameralardan peýdalanýarlar.

Maýyplygy bolan adamlar jaý almak üçin 'ýa para bermeli, ýa-da jaýsyz oturmaly'

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde maýyplygy bolan adamlar döwlet tarapyndan özleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmaýandygyndan we jaý almak üçin duran nobatlarynyň hiç hili öňe süýşmeýändiginden şikaýat edýärler. Şol bir wagtda, olar "häkimiýetlere para beren maýyplaryň nobatda durmazdan, dessine jaý bilen üpjün edilýändiklerini" aýdýarlar.

YD şaýy metjidindäki partlamanyň we beýleki birnäçe hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alýar

Azathabar.com 

Owganystanda 21-nji aprelde bolan birnäçe partlamada azyndan 15 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy. Owganystanyň demirgazygyndaky Mazar-i Şerif şäherindäki şaýy metjidinde bolan partlamada azyndan 11 adam öldi, 32 adam ýaralandy diýip, şäherdäki welaýat saglyk edarasynyň sözçüsi Zia Zendani aýtdy. "Talybanyň" Balhdaky aňtaw we medeniýet bölüminiň müdiri Zabihullah Nourani ölenleriň sanyny 25-e ýetirdi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" topary öz üstüne aldy. "Halyflygyň esgerleri... Читать дальше...

Klassiki saz konsertleri arakesmeden soň Aşgabadyň medeni durmuşyny janlandyrýar

Azathabar.com 

Aşgabatda klassiki aýdym-saz konsertleri gaýtadan başlandy. Paýtagtyň aýdym-saz söýüjileri iki hepdäniň içinde azyndan üç aýdym-saz çäresine baryp görmäge mümkinçilik aldylar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji we 16-njy aprelde Türkmen milli konserwatoriýasynyň binasynda geçirilen konsertlere gatnaşyp, bu medeni çäreler barada habar berdi. Apreliň ikinji ýarymynda, ýene bir karantin arakesmesinden soň, Maýa Gulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we okuwçylary... Читать дальше...

London kazyýeti Julian Assanjyň ABŞ-a ekstradisiýa edilmegine rugsat berdi

Azathabar.com 

Londondaky kazyýet Wikileaksiň esaslandyryjysy Julian Assanjyň ABŞ-a, 175 ýyla çenli tussag edilmek howpy abanýan ýurda ekstradisiýa edilmegine rugsat berdi. Ekstradisiýa etmek baradaky karary Angliýanyň daşary işler ministri Priti Patel kabul etmeli. Şondan soň Assanjyň aklawçylary höküme garşy şikaýat edip biler. ABŞ Wikileaksi esaslandyryjynyň garşysyna jemi 17 sany aýyp, şol sanda Yrakda we Owganystandaky harby operasiýalar barada gizlin maglumatlary aýan etmek aýyplamasyny bildirýär. Maglumatlaryň... Читать дальше...

Mirziýoýew bir günde 30-dan gowrak emeldary wezipesinden boşatdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 19-njy aprelde etrap ulgamynyň we işine üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan wideo konferensiýasynda 36 emeldary wezipesinden işden boşatdy. Prezidentiň metbugat gullugynyň başlygy Şerzod Asadowyň sözlerine görä, mejlisde 2 sany etrap, şäher ýolbaşçysy, etrap häkimleriniň 12 sany birinji orunbasary, şäher häkimleriniň 2 orunbasary, etrap we şäher prokurorlarynyň 4-si, etraplaryň içeri işler bölümleriniň başlyklary, etrap salgyt gulluklarynyň 4 başlygy... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде






МинЖКХ Подмосковья подвело итоги работы за 2023 г и определило планы на 3 года

Участнику СВО из Киргизии дадут временное убежище в России

По делу экс-замминистра обороны Иванова арестован его подчиненный Филатов

В московском парке нашли тело мужчины