Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Новости за 11.04.2022

Remezan aýynyň başlamagy bilen Aşgabatda arzan et peýda boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Remezan aýynyň başlamagy bilen, Aşgabadyň häkimiýetleri ilata arzan bahadan et satyp başlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary, ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň dowam edýän wagty, ilat arasynda arzan ete talabyň örän ýokarydygyny habar berýärler. Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, bu et geçen hepdäniň ahyrynda Çoganly ýaşaýyş jaý massiwinde, 6-njy orta mekdebiň golaýynda satylyp başlandy. Eti satýan telekeçiler... Читать дальше...

Pakistanyň parlamenti oppozisiýa deputaty Şahbaz Şerifi täze premýer-ministr saýlaýar

Azathabar.com 

Iş başyndaky premýer-ministr Imran Han ynamsyzlyk ses berişliginde utulandan bir gün soň, Pakistanyň parlamenti oppozisiýa kanun çykaryjysy Şahbaz Şarifi ýurduň täze premýer-ministri wezipesine saýlady. 70 ýaşly Şarif Pakistan Musulman Ligasy-Nawazyň (PML-N) prezidenti we öň üç gezek premýer-ministr bolan hem-de korrupsiýada günäkär tapylan Nawaz Şarifiň inisi bolup durýar. Işden çetleşdirilen premýer-ministriň partiýasynyň kanun çykaryjylary ses berişligiň öňüsyrasynda bilelikde, köpçülikleýin parlamentden çekildi. Читать дальше...

Balkanda tozanly ýel turdy. Jaýlaryň üçeklerindäki örtükler gopdy, üç ýol hadysasy boldy

Azathabar.com 

Duşenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň günbatar welaýatynda güýçli tozanly ýel turdy. Tozanly ýeliň netijesinde durmuş maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlaryň üçeklerindäki örtükleriň ençemesi gopdy. Şeýle-de, sebitde azyndan üç sany ýol hadysasy boldy. Bu waka, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygyny duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýüzüne botoks etdirýän we dodagyny çişirdýän gelin-gyzlara gözegçilik güýçlendi

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri gözellik salonlaryna aýlanyp, gelin-gyzlara käbir gözellik hyzmatlaryny amala aşyrmagyň gadagandygyny aýdýarlar. Olar bu gadagançylygy bozan gözellik salonlaryna we gelin-gyzlara pul jerimesiniň salynjakdygyny hem-de olaryň 15 gün türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurýarlar. "Olar [kanun goraýjylar] gelin-gyzlaryň ýüzlerine botoks etmegiň, ýüzleriniň ýygyrtlaryny tekizlemegiň, gözlerine goşmaça kirpik oturtmagyň... Читать дальше...

Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň Özbegistanyň üsti bilen ýurda aşmagyna ýol bermeýär

Azathabar.com 

1-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçysy 127 türkmenistanlynyň Özbegistan bilen aradaky Farap serhet geçelgesinden Türkmenistana aşandygyny habar berdi. Ol ýene müňlerçe türkmenistanlynyň serhediň özbek tarapynda garaşýandygyny, türkmen häkimiýetleriniň bolsa olar barada aňtaw maglumatlaryny seljerýändigini habar berdi. Azatlygyň Özbegistandaky çeşmeleri indi türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň Özbegistanyň üsti bilen ýurda aşmagyna rugsat bermeýändigini habar berýärler. Azatlygyň habarçysy... Читать дальше...

Aşgabatly okuwçylardan täze prezidentiň suratlaryny satyn almak we mekdebi abatlamak üçin pul toplanýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň orta mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda dürli zerurlyklar üçin pul ýygnalyp başlandy. Esasy çykdajylar mekdebi abatlamak, uçurym çagalary surata düşürmek we prezidentiň täze portretlerini satyn almak ýaly zatlary öz içine alýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan habar berdiler. Aşgabatdaky her bir orta mekdep okuwçysy ýa-da çagalar bagynda terbiýelenýän körpe pul tabşyrmaly edildi. Soralýan puluň mukdary okuw jaýyna görä, biraz tapawutlanýar. Käbir mekdeplerde 150 manat ýygnaýarlar... Читать дальше...

Gazagystan Russiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan bilen serhet çäklendirmelerini ýatyrdy

Azathabar.com 

Gazagystan Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen aradaky serhet çäklendirmeleri ýatyryp, COVID-19 pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň martyndan bäri möhüm däl syýahatçylara girizilen görlüp-eşidilmedik çäklendirmeleri bes etdi. Bu çäklendirmeler Gazagystanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-de Gazagystanyň şu üç ýurt bilen aradaky döwlet serhedinden geçmekçi bolýan raýatlygy bolmadyk adamlar üçin 11-nji aprelde ýatyryldy diýip, häkimiýetler aýtdy. Bu karar 6-njy aprelde, Gazagystanyň koronawirusyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде






«К сожалению»: смогут ли клиенты криптобиржи Beribit вернуть свои деньги

В клинике Хайдарова медиками работали семь человек без профильного образования

Минобороны: силы ПВО сбили 20 беспилотников ВСУ за ночь

Ульяновская ёлка прижилась в московском парке