Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Новости за 19.04.2022

Balkanda gözellik salonlary we gijeki klublar ýapylyp, ilatyň geýimine gözegçilik güýçlendi

Azathabar.com 

Türkmenistanda kosmetiki hyzmatlary hödürleýän gözellik salonlarynyň işine girizilen gadaganlyk Balkan welaýatyna hem baryp ýetdi. Ýurduň günbatar welaýatynda gözellik salonlary köpçülikleýin ýapyldy. Mundan başga-da, häkimiýetleriň jynsy balak geýýän gelin-gyzlara we şorty, gysga balak geýýän erkek adamlara gözegçiligi güýçlendi. Sebitde gijeki klublaryň käbiri hem ýapyldy. Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, gözellik salonlarynda kosmetiki hyzmatlaryň we proseduralaryň hemmesi diýen ýaly gadagan edildi. Читать дальше...

Türkmenistanda 'bidüzgünçiligi ýüze çykarmak' çäreleri bat alýar

Azathabar.com 

Türkmen paýtagtynyň jemagat gulluklarynyň işgärleriniň arassalaýyş we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirişi iki hepde bäri ilata öz gözegçiligini güýçlendiren häkimiýetleriň ünsüni özüne çekdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky ýagdaýlar barada maglumat berip, düzgün bozanlara jerime salynýandygyny aýdýarlar.

Marynyň polisiýasy köpçülikde gedaýçylyk edýän adamlary nyşana alýar

Azathabar.com 

Ýaramaz ykdysady şertleriň arasynda el serip, gedaýçylyk edýän adamlar polisiýa tarapyndan nyşana alynýar. Marynyň polisiýasy gedaýlara garşy girişen nobatdaky kampaniýasyny “arassalaýyş” atlandyrýar. Gedaýçylyk bilen meşgullanýan adamlaryň arasynda maýyplygy bolan adamlar, köp çagaly maşgalalar we ýaş çagalar bar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi. Gedaýlara garşy girişilen kampaniýa sebitde heniz bazarlar ýapylmanka başlady. Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji... Читать дальше...

Balkanda täze prezidenti wasp edip, goşgy ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny döretmek boýunça tagallalaryny güýçlendirýär. Balkan welaýatynda täze prezidenti wasp edip, goşgy ýazmak boýunça näresmi bäsleşik yglan edildi. Häkimiýetler bäsleşigiň ýeňijilerine "uly baýrak" wada berýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Balkanly býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, bu bäsleşik welaýatyň bilim we medeniýet bölümleri tarapyndan dilden yglan edildi. Читать дальше...

Owgan paýtagtyndaky mekdepde bolan partlamalarda azyndan alty adam öldi

Azathabar.com 

19-njy aprelde Kabulyň şaýy, Hazara etrabynda bir oglanlar mekdebini sarsdyran üç partlamada azyndan alty adam ölüp, 11 adam ýaralandy diýip, owgan paýtagtynyň polisiýasy aýtdy. Partlamalar paýtagtyň günbatar etrapçasynda, Daşt-e-Barçiniň golaýynda ýerleşýän Abdul Rahim Şahid mekdebinde boldy diýip, Kabul polisiýasynyň metbugat wekili Halid Zadran Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Pidalaryň arasynda çagalar hem bar, ýöne olaryň sanynyň näçedigi bada-bat belli bolmady. Howpsuzlyk gullugynyň... Читать дальше...

ABŞ hemra garşy raketa synaglaryny gadagan edýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar, bir taraplaýyn görnüşde, hemra garşy ýaraglary synag etmezlige borçlandy we beýleki ýurtlary hem özüne goşulmaga çagyrdy. ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris bu moratoriýany ýurduň harby-howa güýçleriniň Kaliforniýadaky Wandenberg bazasynda eden çykyşynda yglan etdi. “Men Birleşen Ştatlaryň hemra garşy ýykgynçylykly raketa synaglaryny geçirmezlik barada şu günden güýje girýän borçnamasyny yglan edýänime şatdyryn. Gysgaça aýdylanda, bu hili synaglar howply we biz olary geçirmeris” diýip, Harris aýtdy. Читать дальше...

Tanymal syýasatçy Kamoliddin Rabbimow Daşkentde tussag edildi

Azathabar.com 

Tanymal syýasat alymy we garaşsyz bilermen Kamoliddin Rabbimow 15 günlük tussag edilip, Daşkentdäki deslapky tussaghanada saklanýar diýip, žurnalist Ilýos Safarow öz “Facebook” sahypasynda habar berdi. Onuň sözlerine görä, syýasaty öwrenijiniň maşgalasy onuň bilen 17-nji aprelden bäri habarlaşyp bilmändir. Garyndaşlary Kamoliddin Rabbimowyň öýünden şol gün 15: 00-da çykyp, soňra ýitirim bolandygyny aýtdylar. “Men Kamoliddinaka bilen habarlaşmagy başardym. Biziň telefon söhbetdeşligimiz gysga bolup, 5-6 sekunt dowam etdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000






В Музее Победы представят проекты празднования 80-летия Победы

Никогда не верила в крупные победы: жительница Подмосковья дважды выиграла в «Национальной Лотерее» по миллиону рублей

В Москве пенсионерка отдала мошенникам 34 млн рублей

Песков назвал причину отказа Киева подписать стамбульские соглашения