Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Новости за 08.04.2022

Türkmenistana barmak we daşyna çykmak kynlygyna galýar we gymmatlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistana we ýurtdan daşara yzygiderli howa gatnawy henizem ýok. Bu ýagdaýda ýörite guralan çarter uçuşlary ýurtdan çykmagyň ýa-da girmegiň ýeke-täk usuly bolmagyna galýar. Şunuň ýaly iki uçuşyň 8-nji aprelde boljagy bir gün öň mälim boldy. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habarynda "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçarynyň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabat - Moskwa reýs boýunça 08: 00-da uçjakdygy aýdyldy. Ilçihana muny uçuşyň bolmagyndan diňe bir gün öň Telegram kanalynda habar berdi. Читать дальше...

IIM-niň başlygy täzelenenden soň, ýol hereketine gözegçilik güýçlendirildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, Mary we Lebap welaýatlarynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçiligi ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirdi. Habarçymyz paýtagtda düzgün bozan sürüjilere 15 güne çenli türme tussaglygynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýar. Bu waka, ýurduň içeri işler ministriniň täzelemeginiň we döwlet telewideniýesinde ýol hereketiniň düzgünlerini gödek bozandygy aýdylýan onlarça ulag sürüjisiniň görkezilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Hökümet Almatydaky prezident rezidensiýasynyň ýykylmagy üçin alty milliard teňňe berer

Azathabar.com 

Gazagystanyň hökümeti Almatydaky prezident rezidensiýasyny ýykmak üçin 6 milliard teňňe (häzirki nyrhlar boýunça 13 million dollardan gowrak) bölüp bermegi meýilleşdirýär diýip, maliýe ministriniň orunbasary Tatýana Sawelýewa dördünji gün aýtdy. Ýanwar aýynda bolan köpçülikleýin nägilelikleriň möwç alýan günlerinde Almatydaky prezident edarasy demonstrantlar tarapyndan basylyp alyndy. Binada ýangyn turdy. Ýerli habar serişdeleriniň fewral aýynda prezident edarasyna salgylanyp beren maglumatyna görä... Читать дальше...

“Nowaýa Gazetanyň” baş redaktory Dmitriý Muratowyň üstüne asetonly reňk sepildi

Azathabar.com 

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Russiýanyň "Nowaýa Gazetasynyň" baş redaktory Dmitri Muratowa bir adam aseton garyndyly ýagly reňk sepdi. Bu waka Moskwa-Samara otlusynyň wagonynda boldy. Dmitriý Muratow bu bolan wakany dördünji gün, “Nowaýa Gazeta.Ýewropa” neşirinde habar berdi. Bu wakanyň bolan ýeri anyk görkezilmedi. “Žiguli” markaly otly agşam sagat 8:10-da Moskwanyň Kazan demirýol menzilinden ugrady  we waka şu otluda bolana meňzeýär. “Nowaýa Gazeta”.Ýewropa” neşirinde anyklaşdyrylmagyna görä... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






Акционеры ЛУКОЙЛа утвердили итоговые дивиденды за 2023 г. в 498 руб./акция

Культурный центр появится на месте недостроя в Черноголовке

Baza: неизвестные подожгли вертолет Ка-32 на московском аэродроме Остафьево

Первая ракетка мира Швентек вышла в четвертый круг турнира в Мадриде