Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Новости за 23.04.2022

Hepdäniň jemi #17 (23.04.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň täze prezidentiniň bir aýlyk işiniň jemleri; Ysraýylda ýaşaýan türkmen Batyr Haýydow bilen onuň öz durmuşy we türkmen meseleleri baradaky söhbetdeşliklerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy

Azathabar.com 

Türkmen edebiýatynyň aksakgaly, halypa ýazyjy Rahym Esenow şu gün, 96 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykdy. "Türkmen edebiýaty agyr ýitgä sezewar boldy, onuň uly saýaly daragty ýykyldy” diýip, aşgabatly kärdeşim Rahym aga Esenowyň dünýäsini başgalandygyny tassyk etdi. Rahym aga ozal öwrenip, sünnäläp ýazan eserleri, soňra adamkärçilikli gatnaşyklary bilen, türkmen ýazjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň arasynda iň sylanýan döredijilik adamlarynyň biridi. Ol sowet ýyllarynda "Prawdanyň”, sowet... Читать дальше...

Türkmenistanda 514 tussagyň günäsi geçildi, Adam hukuklary toparynyň düzümi tassyklandy

Azathabar.com 

Türkmenistanda, adat bolşy ýaly, Gadyr gijesiniň öň ýanynda 514 raýatyň günäsi geçildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu karara 22-nji aprelde, sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Günäsi geçilenleriň "eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelendigi” bellenilýär. "Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris“ diýip, prezident aýtdy. Читать дальше...

Owganystanyň demirgazygyndaky dini mekdepde, metjitde bolan partlama 33 adamy öldürdi

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz sebitinde bir metjitde we dini mekdepde juma namazy wagtynda bolan partlamada azyndan 33 adam öldi diýip, "Talyban” resmisi 22-nji aprelde aýtdy. Ölenleriň arasynda dini mekdebiň okuwçylary hem bar diýip, Zabihullah Mujahid twitterde aýtdy. "Biz bu jenaýaty ýazgarýarys we ýogalanlara çuňňur gynanjymyzy bildirýäris" diýip, ol bu hüjümi amala aşyranlary "pitneçiler we zalym elementler" hökmünde häsiýetlendirdi. Ol Gunduz sebitiniň Ymam Saheb şäherinde, adamlar... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде






Хоккеисты и тренеры МХК "Тамбов" награждены серебряными медалями Кубка регионов

«Пришло время жить на своей земле»

РПЦ начинает строить храм на Новой Земле рядом с ядерными полигонами

Подмосковный фонд «Подари подарок» запустил проект «Путь волонтера»