Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Новости за 07.04.2022

Türkmenistan Belarusdaky raýatlaryny getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny gurnaýar

Azathabar.com 

"Türkmenistan” awiakompaniýasy türkmen raýatlaryny Belarusdan öz watanyna alyp gaýtmak üçin 8-nji aprelde ýörite uçar gatnawyny gurnaýar diýip, hökümetçi neşirler "Minsk” howa menziliniň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär Belarusyň milli howa menziliniň maglumatyna görä, T5784 belgili uçar gatnawy Minskden Türkmenbaşy şäherine, Boeing 737-800 uçary bilen amala aşyrylar. Uçuş ýerli wagt bilen sagat 18:30-a meýilleşdirilýär. Bu uçuş Türkmenistanyň hökümetiniň tabşyrygy esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistan koronawirus çäklendirmeleri saklaýar, saglyk gününi çäreler bilen belleýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ilaty Saglyk güni mynasybetli dürli çärelere gatnaşmagyny dowam etdirýär. Halkara saglyk gününiň senesi 7-nji apreldir, ýöne Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ornaşan däbe görä, dürli seneleri birnäçe hepdeläp belleýär we ilaty köpçülikleýin çärelere çekýär. Ýurduň gündogaryndaky Türkmenabad şäheri Saglyk gününe üç günläp işjeň taýýarlandy. Ýerli okuw jaýlarynyň okuwçylary. Hususan-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky institutyň we Maliýe kollejiniň talyplary şäher stadionynda birnäçe günläp repetisiýa etdiler. Читать дальше...

Okuwçy gyzlar okuw ýyly tamamlanmanka täze okuw ýyly üçin ýaşyl mata satyn almaly edilýär

Azathabar.com 

Öňümizdäki okuw ýylynyň başlanmagyna entek bäş aý barka, Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde okuwçy gyzlara täze okuw köýnegi üçin ýaşyl reňkde mata satylyp başlandy. Ene-atalar we käbir mugallymlar okuwçylaryň boýnuna mejbury dakylýan bu çäräni mekdep ýolbaşçylarynyň "öz jübülerini doldurmak synanyşygy" häsiýetlendirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, şu hepde şäheriň 82-nji mekdebinde okuwçy gyzlara ýaşyl reňkde mata paýlandy. Читать дальше...

Bosgunlykdaky täjik blogçysynyň ejesi ekstremizmde aýyplanyp, türmä basyldy

Azathabar.com 

Bosgunlykda ýaşaýan täjik blogçysy Şerzod Mamadjonowyň ejesi ekstremizm aýyplamasy bilen alty ýyl azatlykdan mahrum edildi. Tanymal hökümet tankytçysy muny öz maşgalasyna syýasy sebäpden edilenhüjüm hökmünde häsiýetlendirdi. Şohida Mamadjonowa 7-nji aprelde geçen seljermede gadagan edilen syýasy partiýalara, 24 toparyna we Täjigistanyň Yslamçy Galkynyş hereketine onlaýn goldawyny bermekde günäli tapyldy. Duşenbe şäherindäki kazyýet onuň Merkezi Aziýa ýurdundaky konstitusiýa düzgünini bozmagy maksat edinendigini aýtdy. Читать дальше...

Lebapda ýüpek gurçugyna mejbury ideg etmek möwsümi başlady

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda döwlet tabşyrygy esasynda ýüpek gurçugyna mejbury ideg etmek möwsümi başlandy. Etrap häkimligi sebitiň kärendeçi daýhanlaryny we döwlet edara-kärhanalaryny kesgitlenen mukdarda çig pile öndürmäge mejbur edýär. Bu mejbury zähmet öňki ýyllarda bolşy ýaly tut ýapraklarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen utgaşýar.

Gazagystan serhet geçelgelerindäki çäklendirmelerini ýatyrýar

Azathabar.com 

Gazagystan 11-nji aprelde Russiýa, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen aradaky serhet geçelgelerinde girizen koronawirus çäklendirmeleriniň ählisini aýyrmagy meýilleşdirýär. Bu karar koronawirus boýunça iş toparynyň 6-njy aprelde, "ýurtdaky epidemiologiki ýagdaý durnuklaşdy" diýen netijä gelmegi esasynda kabul edildi. Şeýle-de, Gazagystanyň howa menzillerinde ýurda uçarly gelýän şahslar üçin girizilen çäklendirmeler ýatyrylar. Emma muňa garamazdan, syýahatçylar negatiw synag netijesini ýa-da koronawirusa... Читать дальше...

Ermenistan bilen Azerbaýjan parahatçylyk ylalaşygyna golaýlaýar

Azathabar.com 

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri ikitaraplaýyn “parahatçylyk şertnamasyny” taýýarlamak we Brýusselde Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişeliň beýemçiligindäki täze gepleşiklerde özleriniň umumy araçäklerini kesgitlemek boýunça özara komissiýa döretmek ylalaşygyna geldiler. "Biziň hemmämiz bilelikde anyk bir prosese başlamak, mümkin bolan parahatçylyk şertnamasyny taýýarlamak we şeýle şertnama üçin zerur bolan ähli elementleri çözmek kararyna geldik" diýip, Mişel 6-njy aprelde Ermenistanyň... Читать дальше...

Hökümet başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesi ýapyldy, IIM başlygy täzelendi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirip, güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylarynyň käbirini täzeledi, käbirini başga işe geçirdi, beýlekilerini gaýtadan öňki wezipelerine belledi. Ministrler kabinetiniň başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesiniň ýapylmagy netijesinde, general-polkownik Çarymyrat Amanow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipe 2020-nji ýylyň ýanwarynda döredilipdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Фернандес во втором круге турнира WTA в Мадриде






«Деньги обесценятся уже точно»: эксперт назвал сроки обвала сбережений

Подмосковный нарколог объяснил опасность шашлыка с алкоголем

Матвиенко: Парламентская ассамблея Совета Европы — пустая и никчемная структура

Воробьев сообщил об открытии подстанции скорой помощи в Ногинске