Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Новости за 13.04.2022

Balkanda reýd geçirilip, nikasyz jynsy gatnaşykda bolanlara 10 müň manat jerime salynýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň polisiýasy raýatlaryň ahlak meselesine gözegçiligi güýçlendirip, nikasyz jynsy gatnaşykda bolýanlara we ten söwdasyny edýänlere garşy reýdleri geçirdi. Azatlyk Radiosynyň Balkanyň polisiýa edarasyndaky çeşmesi munuň täze içeri işler ministriniň "mukaddes oraza aýynda raýatlaryň ahlak terbiýesine we spirtli içgileri içmegine gözegçiligi güýçlendirmek" baradaky tabşyrygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Türkmenistan ýene-de koronawirusa garşy göreşi güýçlendirýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümeti henizem ýurtda COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürýär. Häkimiýetler koronawirusyň iş ýüzünde ýaýrandygyny, ilat arasynda görlüp-eşidilmedik derejede keselçiligiň we ölümiň ýaýramagyna sebäp bolandygyny resmi taýdan ykrar etmediler. Şeýle-de bolsa, ýurt koronawirusa garşy göreşini ýene güýçlendirýär.

Aşgabatdan Lebaba baran ýörite topar ýol polisiýasynyň işini derňeýär

Azathabar.com 

Aşgabatdan Lebap welaýatyna duýdansyz toparlaýyn barlagçylar gelip, sebitiň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine gözegçilik edýän edaralarda barlag geçirýärler. Aşa ýokary tizlik bilen saklanan sürüjiler bir ýyldan iki ýyla çenli sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edilýär. Sürüjilerden para alandygy aýdylýan ýerli ýolbaşçylar wezipesinden boşadylýar. Bu waka Içeri işler ministrliginiň başlygy täzelenenden soň, ýurduň dürli künjeginde ýol hereketine gözegçiligiň güýçlendirilen mahalyna gabat geldi.

Minskde ýene bir türkmen studenti aradan çykdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň 24 ýaşly raýaty, Ahal sebitiniň ýaşaýjysy Serdar Ataýew Minskde ýol-köçe hadysasyna uçrap, hassahanada aradan çykdy. “Turkmen.news” neşiri bu habary öz çeşmelerine salgylanyp çap etdi. Habarda belarusa okamaga gelen Serdaryň taksi sürüp, gazanç edendigi we aeroporta müşderi eltip, yzyna gaýdanda awtoulaga erkini ýitirip, agaja urandygy aýdylýar. Bu hadysa fewralyň aýagynda bolupdyr we Serdar Ataýew 10-njy aprelde hassahanada jan beripdir. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, Serdar tejribeli... Читать дальше...

ABŞ Türkmenistanda giň ýaýran hukuk bozulmalarynyň saklanyp galýandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 12-nji aprelde adam hukuklary boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Onda Türkmenistanda giň ýaýran hukuk bozulmalarynyň, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni hukuk bozulmalarynyň dowam etdirilýändigi aýdylýar. Hökümet kitaplaryň, beýleki köpçülikleýin habar serişdeleriniň, onlaýn gazetleriň we žurnallaryň neşir edilmegine gözegçilik edýär, YouTube we Google ýaly meşhur sosial media saýtlaryny käte petikleýär diýip, hasabatda ýurtda söz aýtmak, pikir beýan etmek... Читать дальше...

Türkmenistanda Konstitusiýa we adam hukuklary barada maslahat geçirildi

Azathabar.com 

12-nji aprelde Aşgabatda “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” diýen temada okuw maslahaty geçirildi. TDH bu çäräniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guralandygyny habar berýär. Okuw maslahaty türkmen metbugatynda nobatdaky 'teletobanyň" görkezilmeginiň yz ýanyna, ABŞ-nyň Döwlet departmanetiniň ýyllyk adam hukuklary hasabatyny çap eden gününe gabat geldi. Hökümet tankytçylary ýylda birnäçe gezek elleri gandally ýa gandalsyz... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Арина Соболенко призналась в том, что не любит женский теннис






Прогулка с мертвым дельфином. В Сочи задержали москвича-наркодилера

Москва выступает за контакты Баку и Еревана для скорейшего подписания договора - Песков

Собаки-поводыри в Московском метро

Клиенты Beribit пожаловались на проблемы с выводом криптовалют