Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Новости за 06.09.2022

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni üçin köpçülikleýin taýýarlyk çäreleri geçirilip başlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanda 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk güni we onuň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi üçin köpçülikleýin taýýarlyk çäreleri geçirilip başlandy. Munuň bilen bagly, Balkan welaýatyndan ýüzlerçe adam Aşgabada iberildi. Olar öz maddy çykdajylarynyň hasabyna tas bir aý paýtagtda ýaşamaly bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýurduň günbatar welaýatyndaky habarçysy Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyklaryň pandemiýadan öňki ýyllardaky depginine gaýdyp gelendigini aýdýar. Читать дальше...

Yssy howa: Türkmenabatda tok kesilýär, talyplardan synplarda ýeňsizli we penjekli oturmak talap edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda, güýz paslynyň başlandygyna garamazdan, yssy howa şertleri dowam edýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde howanyň temperaturasy 40 gradusdan aşýan şu günlerde, ilatyň elektrik üpjünçiligi bilen bagly problemalary saklanyp galýar. Şeýle-de, şäheriň ýokary okuw jaýynyň talyplary kondisionersiz synplarda ýeňsizli we penjekli oturmaga mejbur edilýär. Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanda işe ýerleşdirjekdigini aýdyp, ilatyň puluny alýan adamlar 'köpelýär'

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gazançsyz kösenýän raýatlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýan adamlar köpelýär. Bu adamlar raýatlara işe ýerleşdirmegi wada berip, olaryň müňlerçe manadyny alýarlar we soňra-da ne wadasynda tapylýarlar, ne-de alan puluny yzyna berýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berdiler.

Türkmen sürüjileri tranzit meselesinde ‘deňligiň ýokdugyny’ aýdýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň pandemiýa aladalarynyň arasynda transport, şol sanda tranzit ýük ulaglaryna girizen gadagançylyklaryny gowşatmagy bilen, goňşy döwletleriň ýük ulaglary ýurduň çäginden üstaşyr geçip başladylar. Şol bir wagtda, häkimiýetleriň ýerli ýük ulag sürüjilerine bu hili mümkinçilikleri döretmeýändigi, netijede olaryň uly maddy zyýana galýandygy hem bellenilýär.

Hasabat: Türkmen maşgalalarynda her sekiz aýaldan bir aýal fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýar

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň 26-njy awgustda çap eden hasabaty oňaýsyz maglumatlaryň ýaýradylmagyny elmydama berk çäklendirýän Türkmenistanda maşgaladaky zorlugyň gerimini açyp görkezýär. “Türkmenistandaky maşgalalarda aýalyň durumy we saglygy” at bilen çap edilen hasabata Türkmenistanda 2020-nji ýylda geçirilen barlaglaryň we pikir soraşyklaryň netijeleri girizilipdir. Türkmenistanyň hökümetiniň maliýe hemaýaty bilen hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de... Читать дальше...

HRW YD-H-nyň Owganystanyň azlyklaryna edýän hüjümlerinden alada bildirýär

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň ýerli bölüminiň Owganystandaky dini azlyklara edýän hüjümeleriniň gürelmeginden we dolandyryjy “Talyban” toparynyň bu jemgyýetleri gorap bilmezligindan alada bildirýär. HRW “Yslam döwleti-Horasan” (YD-H) diýilýän topara ygrarly söweşijileriň öz pidalaryna, Hazara jemgyýetiniň agzalaryna, “Talyban” häkimiýetleriniň çynlakaý baş galdyrmazlygy netijesinde, “mekdebe, işe ýa-da namaz okamaga barýan wagtynda eden köp sanly wagşyçylykly hüjümine” salgylanýar. Читать дальше...

YD Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň daşynda bolan partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alýar

Azathabar.com 

“Yslam döwleti” (YD) topary Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda janyndan geçen adamyň özüni partlatmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, bu partlama ilçihananyň iki işgäri bilen birlikde azyndan alty adamyň ölmegine sebäp boldy. “Yslam döwleti-Horasan” 5-nji sentýabrda Telegramda çap eden beýanatynda YD söweşijisi ilçihananyň golaýynda "rus işgärleriniň gatnaşan ýygnanyşygynda janyndan geçeniň guşagyny partladyp, öz janyna kast etdi" diýdi. Kabul polisiýasynyň metbugat sekretary Halid... Читать дальше...

"Gazprom" nemes hyzmatdaşy “bejermese”, “Demirgazyk akym” gazy ýok diýýär

Azathabar.com 

Russiýanyň gaz eksportçysy “Gazpromyň” ýokary derejeli ýolbaşçysy, öz sözlerine görä, nemes hyzmatdaşy näsaz enjamyny düzedýänçä, “Demirgazyk akym – 1” geçirijisi arkaly gaz iberilmegini dowam etdirip bilmejekdigini aýdyp, howanyň çigräp başlamagy bilen, Ýewropanyň energiýa aladalaryny ýokarlandyrdy. Hyzmatdaş “Siemens Energy” özüne degişli bejeriş, abatlaýyş işleri boýunça hiç bir tabşyryk berilmändigini aýtdy we “Gazpromyň” aýdyşy ýaly, bejeriş beýle aňsat bolsa, kadaly ýagdaýda gaz ibermegiň togtadylmajakdygyny aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде






Как экс-замминистра Тимур Иванов долгие годы скрывал свою роскошную жизнь

Депутаты и ветераны написали «Диктант Победы» в Домодедове

И куда смотрит Екатерина Михайловна Мизулина (и вся "Лига безопасного интернета")?

Названы самые популярные автомобили у россиян