Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Новости за 20.09.2022

Türkmenabatda ilatyň hasabyna bina edilen täze kottežler toplumynyň açylyşy boldy

Azathabar.com 

Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän “Azatlyk” şäherçesinde 20-nji sentýabrda 100 töweregi kottež jaýlaryndan ybarat ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy boldy. Raýatlaryň hasabyna maliýeleşdirilen kottežler toplumynyň açylyşy soňky dört ýyl bäri täze mekdep ýa-da çagalar bagy bina edilmedik Türkmenabat şäheriniň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Türkmenabatda ilatyň hasabyna bina edilen täze kottežler toplumynyň açylyşy boldy

Azathabar.com 

Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän “Azatlyk” şäherçesinde 20-nji sentýabrda 100 töweregi kottež jaýlaryndan ybarat ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy boldy. Raýatlaryň hasabyna maliýeleşdirilen kottežler toplumynyň açylyşy soňky dört ýyl bäri täze mekdep ýa-da çagalar bagy bina edilmedik Türkmenabat şäheriniň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Şäher ýaşaýjylary Garaşsyzlygyň 31-nji ýyl dönümine gabatlanyp açylan täze kottežler toplumynyň ýerleşýän ýerini amatsyz hasaplaýarlar. Читать дальше...

Türkmenistanyň abort gadaganlygy parahorlyga ýol açýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýaňy-ýakynda güýje giren gadaganlyga garamazdan, abort etdirýänleriň sany azalmady we indi köp sanly aýal islenilmeýän göwreliligi aradan aýyrmak üçin para bermeli bolýarlar diýip, aýallar we lukmanlar aýdýarlar.

Türkmenabadyň ýag zawodunyň işgärleri tölegsiz dynç alyşa ugradylýar, ýene-de

Azathabar.com 

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda ýerleşýän, Türkmenistanyň çägindäki iň iri ýag zawodlarynyň biri işgärlerini ýene-de tölegsiz dynç alyşa çykmaga mejbur edýär. Ýatlatsak, bu zawoduň işi maý aýyndan awgusta çenli hem çyg mal ýetmezçiligi sebäpli togtadylyp, awgustyň aýagynda gaýtadan ýola goýulypdy.

Türkmenistanyň iň iri ýag zawodlarynyň biri işgärlerini tölegsiz dynç alyşa ugradýar

Azathabar.com 

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda ýerleşýän, Türkmenistanyň çägindäki iň iri ýag zawodlarynyň biri işgärlerini ýene-de tölegsiz dynç alyşa çykmaga mejbur edýär. Ýatlatsak, bu zawoduň işi maý aýyndan awgusta çenli hem çyg mal ýetmezçiligi sebäpli togtadylyp, awgustyň aýagynda gaýtadan ýola goýulypdy. “Ýagy öndürer ýaly pagta çigidiniň ýoklugy sebäpli, ýolbaşçylar işgärlerine 10-njy sentýabrdan başlap ýene-de tölegsiz dynç alyşa çykmak barada arza ýazdyrýarlar. Zawoduň başlygy önümçiligiň ýoklugy sebäpli... Читать дальше...

“Türk Howaýollary” russiýaly uçarmanlara tälim bermekden ýüz öwürdi

Azathabar.com 

“The Insider” neşiriniň habaryna görä, “Türk Howaýollarynyň” okuw merkezi russiýaly uçarmanlara emeli görnüşde amala aşyrylýan mysaly uçuş tälimlerini bermekden ýüz öwürdi. Bu habar rus awiakompaniýalarynyň biri tarapyndan tassyk edildi. “Türk Howaýollarynyň” okuw merkeziniň resmi hatynda aýdylmagyna görä, bu karar "Ýewropa awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň sanksiýalarynyň güýçlendirilmegi" netijesinde kabul edildi. “The Insider” bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, Türkiýäniň... Читать дальше...

Türkmenistanda maýyp çagalaryň sany köpelýär

Azathabar.com 

2018-2022-nji ýyllarda Türkmenistanda 18 ýaşa çenli aralykdaky maýyp çagalaryň sany 22,4 göterim artdy diýip, “Turkmen News” neşiri Türkmenistanyň BMG-niň aýal-gyzlara garşy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetine iberen altynjy döwürleýin hasabatyna salgylanyp habar berýär. Resminamada aýdylmagyna görä, 2018-nji ýylda Türkmenistanda hasaba alnan maýyp çagalaryň sany 19,6 müň bolan bolsa, 2022-nji ýylda hasaba alnan maýyp çagalaryň sany 24 müň boldy. Ýurtdaky maýyp çagalaryň sanynyň köpelmeginiň sebäpleri aýdylmaýar diýip... Читать дальше...

Türkmenistanda gazanylandygy aýdylýan 'ykdysady üstünlikleriň' sergisi açyldy

Azathabar.com 

Aşgabatda şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Türkiýede işläp, maşgalasyny eklemäge çalyşýan müňlerçe türkmenistanlyny köpçülikleýin yzyna getirmäge başlan we öz raýatlarynyň ýeke-täk wizasyz gidip bilýän ýurduna hem wizaly gitmegini ýola goýan wagtynda açyldy.  Adatça Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän sergi, döwlet eýeçiligindäki metbugatda aýdylmagyna görä, milli ykdysadyýetiň gazananlaryny we... Читать дальше...

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda Blinken bilen duşuşýar

Azathabar.com 

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri 19-njy sentýabrda, soňky serhet çaknyşyklarynda 200-den gowrak adam öleli bäri diplomatlaryň arasynda Nýu-Ýorkda guralan duşuşykda ilkinji gezek ýüzbe-ýüz boldular. Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň duşuşygy ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken tarapyndan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň gapdalyndan, iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak we golaýda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

16-летняя Мирра Андреева победила чемпионку Уимблдона на турнире WTA в Мадриде






Столичные росгвардейцы поздравили ветерана Великой Отечественной войны со 100-летним юбилеем

Эстафета поколений и победителей. В Ульяновске отметили юбилейный праздник спорта

Генеральный секретарь ПКР, 5-кратный чемпион Паралимпийских игр А.А. Строкин принял участие в церемониях награждения и закрытия ежегодного фестиваля футбола для людей с инвалидностью и ОВЗ «FONB...

30 мая в Москве пройдет бизнес-завтрак на тему «PR в сфере строительных материалов»