Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Новости за 23.09.2022

Aşgabadyň jemagat işgärleri Garaşsyzlyk güni üçin döwlet münberini taýýarlaýar

Azathabar.com 

Aşgabat şäheri döwlet garaşsyzlygynyň nobatdaky senesini bellemek üçin taýynlanýar. Baýramçylyk çäreleriniň planlaşdyrylýan resmi bölegine taýynlykdan başga-da, esasy dabaralaryň geçjek ýerlerini timarlamak işlerine has köp üns berilýär. Jemagat guramalarynyň işgärleriniň şu günler iň köp ugradylýan ýerleri aeroportyň we döwlet tribunasynyň töwerekleri.

Hepdäniň jemi #38 (24.09.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda bilim-düşünje we hökümet syýasaty, dilde goldanylýan bilim özgertmeleriniň iş ýüzündäki netijeleri we emele gelen ýagdaýyň ýurduň gelejegine salýan ‘howpy’ baradaky söhbedimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.

Çilim we spirtli içgi satylýan dükanlarda telekeçileriň ygtyýarnamalary barlanýar, ‘barlagçylar para alýar’

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň temmäki önümleri we spirtli içgiler satylýan hususy dükanlarynda dükan eýeleriniň ygtyýarnamalary barlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Dükan satyjylary nobatdaky barlag tolkunyny häkimiýetleriň “para almak” tagallalary atlandyrýarlar.

Aşgabadyň jemagat işgärleri Garaşsyzlyk güni üçin döwlet münberini taýýarlaýar

Azathabar.com 

Aşgabat şäheri döwlet garaşsyzlygynyň nobatdaky senesini bellemek üçin taýynlanýar. Baýramçylyk çäreleriniň planlaşdyrylýan resmi bölegine taýynlykdan başga-da, esasy dabaralaryň geçjek ýerlerini timarlamak işlerine has köp üns berilýär. Jemagat guramalarynyň işgärleriniň şu günler iň köp ugradylýan ýerleri aeroportyň we döwlet tribunasynyň töwerekleri. Mawy we açyk reňkli geýimli jemagat hyzmatlarynyň işgärlerini her gün howa menziliniň we täze tribunanyň çäginde görmek bolýar. Olaryň arasynda arassaçylyk işgärleri... Читать дальше...

Çilim we spirtli içgi satylýan dükanlarda telekeçileriň ygtyýarnamalary barlanýar, ‘barlagçylar para alýar’

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň temmäki önümleri we spirtli içgiler satylýan hususy dükanlarynda dükan eýeleriniň ygtyýarnamalary barlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Dükan satyjylary nobatdaky barlag tolkunyny häkimiýetleriň “para almak” tagallalary atlandyrýarlar. Ygtyýarnamasyz çilim we spirtli içgi söwdasy bilen meşgullanýan dükan eýelerine jerime salynýar, harytlary döwletiň haýryna geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy “barlagçylaryň”... Читать дальше...

Ýol gözegçiligi gullugy we salgyt gullugy Türkmenbaşyda hususy taksileri ‘awlaýar’

Azathabar.com 

Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri we salgyt gulluklary hususy taksi sürüjilerine garşy basyşy güýçlendirýärler. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy häkimiýetler tarapyndan ele salynýan hususy taksi ulaglarynyň jerime duralgalaryna alnyp gidilýändigini habar berýär. Bu aralykda, sebitde hereket edýän döwlet taksileriniň sürüjileri köpçülikleýin tölegsiz iş rugsadyna ugradylýar. “Birinji sapar tutulan hususy taksiler 10 gün jerime duralgasynda saklanýar. Читать дальше...

Berdimuhamedow Putin bilen telefonda gürleşdi

Azathabar.com 

Türkmen metbugaty daşary ýurt liderleriniň Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy 41 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlandygyny we oňa berk jan saglygyny, işde üstünlik arzuw edendigini habar berýär. Döwlet baştutanynyň adyna gelen gutlaglar milli metbugat arkaly halka ýetirilýär. TDH-nyň ýazmagyna görä şu gün, 23-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon söhbetdeşlikleri boldy. Читать дальше...

Berdimuhamedow halk wekilleriniň 'uly meseleleri çözýändigini' aýdýar

Azathabar.com 

2023-nji ýylda Türkmenistanda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler geçiriler diýip, “Salam News” neşiri Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda geçirilen Döwlet maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp habar berýär. Mundan öň türkmen metbugaty, Azatlygyň Türkmenistanda geçiriljek 'döwlet maslahaty' diýilýän baradaky habaryndan soň, ony 'dabaraly maslahat' diýip atlandyrypdy. TDH-nyň ýazmagyna görä, "Türkmenistanyň... Читать дальше...

Metbugat sekretarynyň, hökümet başlygynyň ogullary mobilizasiýa çaginde gulluk etmek islemeýär

Azathabar.com 

“Youtubeb” kanalynyň “Populýanaýa politika” gepleşiginiň alyp baryjylary üçünji gün göni ýaýlymda jaň edip, öz tassyklamalaryna görä, Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli emeldarlarynyň ýakyn garyndaşlary diýilýän adamlar bilen gürleşdiler. Olar özlerini harby komissarlygyň işgärleri hökmünde tanadyp, telefondaky söhbetdeşlerine mobilizasiýanyň çäginde çagyryş nokadyna gelmegi teklip etdiler. Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň ogly Nikolaý diýip tanadylan abonent harby komissarlyga gelmekden ýüz öwürdi. Читать дальше...

Täjigistanyň Gyrgyzystanda ýenjilen habarçy baradaky beýanaty ýalan bolup çykdy

Azathabar.com 

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Gyrgyzystanda ýenjilendigi baradaky resmi beýanaty ýalan bolup çykdy. Ministrlik 22-nji sentýabrda çap eden beýanatynda gyrgyz hökümetini öz etnik täjik jemgyýetini yzarlamakda aýyplady we muňa mysal edip, 18-nji sentýabrda Oş sebitinde täjik zenany Nasibakhon Dawronbekowa, AÝ/AR-nyň habarçysyna garşy etniki sebäpler esasynda hüjüm edilendigini aýtdy. Emma Azatlyk Radiosynyň Gyrgyzystanda ýa-da başga bir ýerde beýle atly habarçysy ýok. Читать дальше...

Gazak parlamenti Nazarbaýew bilen baglanyşykly baýramçylygy ýatyrdy

Azathabar.com 

Senat, Gazagystanyň parlamentiniň ýokarky palatasy 22-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletiniň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň hormatyna döredilen döwlet baýramçylygyny ýatyrmak baradaky teklibi tassyklady. Birinji Prezidentiň güni diýen at bilen her ýylyň 1-nji dekabrynda bellenilýän baýramçylygy ýatyrmak baradaky kanun prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň özüni öňki prezidentden daşlaşdyrmak ugrunda görýän çäreleriniň häzirlikçe iň soňkusy boldy. Birinji Prezidentiň güni 2012-nji ýylda döwlet baýramçylygy hökmünde bellenip başlandy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






Проект мирового масштаба: как модернизация БАМа изменит страну

Байден: США делают все возможное для возвращения Гершковича и Уилана

The Telegraph сообщила о планах Британии создать собственные ракеты к 2030 году

Отставка правительства России после 7 мая: Инсайдеры и эксперты поделились своим прогнозом перестановок