Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Новости за 27.09.2022

Maryda pagta ýygymy üçin býujet işgärlerinden ýene pul toplanýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynda býujet işgärlerinden pagta ýygym möwsümi mynasybetli pul toplanýar. Ýerli ýaşaýjylar bu tölegiň pagta ýygymyna iberilýän hakyna tutma adamlara geçirilýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji sentýabrda sebitden habar berdi. Habarçynyň maglumatlaryna görä, başga-da birnäçe edara-kärhanalar bilen bir hatarda Mary şäherindäki Agyz-suw edarasynyň işgärlerinden adam başyna 50 manat möçberinde pul ýygnalýar. Türkmenistanda eýýäm bir aýdan... Читать дальше...

Türkmenabatda 'arzan' azygyň baýramçylykly satuwy boldy

Azathabar.com 

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny gazanan senesini belleýän güni welaýat merkezleriniň bazarlarynda käbir gyt azyk önümleri peýda boldy. 27-nji sentýabrda Türkmenabadyň ýaşaýjylary subsidirlenen diýilýän bahalardan ýumurtga, pagta ýagy we towuk budlary ýaly azyk önümlerini satyn almak mümkinçiligine eýe boldular.

Türkmenabatda 'arzan' azygyň baýramçylykly satuwy boldy

Azathabar.com 

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny gazanan senesini belleýän güni welaýat merkezleriniň bazarlarynda käbir gyt azyk önümleri peýda boldy. 27-nji sentýabrda Türkmenabadyň ýaşaýjylary subsidirlenen diýilýän bahalardan ýumurtga, pagta ýagy we towuk budlary ýaly azyk önümlerini satyn almak mümkinçiligine eýe boldular. Türkmenabadyň Gök bazarynda irden adam köpdi, bu ýerde subsidirlenen bahalardan käbir azyk önümleri satyldy. Çeşmeleriň habar bermegine görä, satuwa ösümlik ýagy, ýumurtga, doňdurylan... Читать дальше...

Salgyt gullugy we PÝGG hususy minibuslara gözegçiligi güýçlendirýär

Azathabar.com 

Şu günler Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabatda Salgyt gullugy we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) hususy minibuslara gözegçiligi güýçlendirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji sentýabrda sebitden habar berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň gündogar welaýatynda mikroawtobus eýeleriniň ygtyýarnamalarynyň salgyt gullugynyň işgärleri tarapyndan köpçülikleýin barlanylýandygyny, şeýle-de, awtoulaglaryň guratlyk hatynyň PÝGG işgärleri tarapyndan barlanylýandygyny habar berýär. Читать дальше...

Nazarbaýewiň ýegeni alty ýyl türmä höküm edildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýegeni galplykda we ýoklanan emläkde günäli tapylyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Astananyň Baýkonur etrap sudy bu baradaky kararyny 26-njy sentýabrda çykardy, şeýle-de Kaýrat Satybaldynyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň general-maýory çinini ýatyrdy. Oňa 10 ýyl möhlet bilen döwlet wezipelerini eýelemek hem gadagan edildi. Satybaldy geçen hepde başlanan sud diňlenişiginde özüne bildirilen aýyplamalary boýun aldy we etmişlerine ökünýändigini aýtdy. Читать дальше...

ABŞ BMG-niň Adam hukuklary Geňeşinde Hytaýyň uýgurlar babatyndaky çärelerini maslahat etmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar we onuň Günbatar ýaranlarynyň uly bölegi BMG-niň Adam hukuklary Geňeşinde Hytaýyň Sinjiang regionynda uýgurlary, şeýle-de beýleki musulman azlyklary gysýandygy baradaky maglumatlar boýunça ýörite debaty geçirmäge çagyrdylar. Diplomatlar bu baradaky ABŞ-nyň, Kanadanyň, Britaniýanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Norwegiýanyň we Şwesiýanyň “deslapky kararynyň” Geňeşiň öňümizdäki ýylyň başynda geçirilmeli nobatdaky sessiýasynda bu meseläniň maslahat edilmegini göz öňünde tutýandygyny belleýärler. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






Дизайнерская одежда в Москве: где искать уникальный стиль

"Спартак" обыграл "Локомотив" в 26-м туре чемпионата России

В школах Московской области завершился День добрых дел

«Не смогла остановиться»: мать-одиночка Юлия Ефременкова купила восьмую квартиру