Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Новости за 29.09.2022

Putin gaz geçirijilerdäki partlamalaryň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde maslahatlaşylmalydygyny aýtdy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň "Demirgazyk akym” we "Demirgazyk akym 2” gaz geçirijisindäki partlamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine çykarjakdygyny aýtdy. Ol bolan iş boýunça ilkinji gezek açyk gürrüň edip, bu hadysalary halkara terrorçylygy diýip atlandyrdy. Kremliň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Putin bu meseläni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirende gozgady. Ýewropaly resmiler... Читать дальше...

ABŞ-nyň ÝHHG-däki hemişelik wekili Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyny tankyt etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyndaky (ÝHHG) hemişelik wekili Maýkl Karpenter 27-nji sentýabrda, Polşanyň paýtagty Warşawada adam ölçegleri boýunça geçilýän maslahatda çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň "demokratik täzeleniş we demokratiýalaryň şu günki günde ýüzbe-ýüz bolýan iň uly howp-hatarlaryna garşy durmak" meselesindäki pozisiýasyny beýan etdi. "Biz gatnaşyjy döwletleriň käbiriniň azat we adalatly saýlawlary geçirmek, jemgyýetçilik durmuşyndaky deň gatnaşyk, raýat we syýasy... Читать дальше...

Baýramçylyk 'şowhunsyz' bellendi. Ilata öýde bolmak maslahat berildi

Azathabar.com 

Türkmenistan bir aýlap gören taýynlyklaryndan soň döwlet garaşsyzlygynyň 31-nji ýyldönümini belläp geçirdi. Bu ýyl baýramçylyk ýurtda köp duýulmandyr. Ilat köpçüliginiň agyr ykdysady kynçylyklar bilen bagly gündelik aladalardan başga-da, öňki ýyllardan tapawutlylykda uly dabaral hem bolmandyr, köçelerde adam az bolup, öňküleri ýaly ilatyň dürli gatlaklaryny gatnaşdyryp, gurnalan çäreler hem geçirilmändir. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan habar berýär.

Baýramçylyk 'şowhunsyz' bellendi. Ilata öýde bolmak maslahat berildi

Azathabar.com 

Türkmenistan bir aýlap gören taýynlyklaryndan soň döwlet garaşsyzlygynyň 31-nji ýyldönümini belläp geçirdi. Bu ýyl baýramçylyk ýurtda köp duýulmandyr. Ilat köpçüliginiň agyr ykdysady kynçylyklar bilen bagly gündelik aladalardan başga-da, öňki ýyllardan tapawutlylykda uly dabaralar hem bolmandyr, köçelerde adam az bolup, öňküleri ýaly ilatyň dürli gatlaklaryny gatnaşdyryp, gurnalan çäreler hem geçirilmändir. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan habar berýär. Ýurduň... Читать дальше...

Daýhanlar ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär

Azathabar.com 

Sakarçäge etrabynyň oba ýerlerinde daýhanlar ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Çetki obalaryň agyz suw üpjünçiligi suw daşaýjy ýük ulaglary arkaly ýola goýulýar. Mary sebitiniň şäher ýaşaýjylary bolsa agyz suwunyň hilinden we sagatlaýyn üpjün edilmeginden şikaýat edýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy sentýabrda sebitden habar berdi.

Interneti çäklendirýän Türkmenistan “€29,4 millionlyk kiberhowpsuzlyk enjamlary sargady”

Azathabar.com 

Internet we söz azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan türkmen häkimiýetleri ýurduň Kiberhowpsuzlyk gullugy üçin 29,4 million ýewrolyk ýörite enjamlary sargandygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu barada turkmen.news neşiri özüne elýeterli bolan prezidentiň gol goýandygy aýdylýan dokumente salgylanyp habar berýär. Bellesek, Azatlyk öz çeşmelerine we habarçylaryna bu dokumentiň asyldygyny häzirlikçe tassykladyp bilmedi.

Daýhanlar ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär

Azathabar.com 

Sakarçäge etrabynyň oba ýerlerinde daýhanlar ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Çetki obalaryň agyz suw üpjünçiligi suw daşaýjy ýük ulaglary arkaly ýola goýulýar. Mary sebitiniň şäher ýaşaýjylary bolsa agyz suwunyň hilinden we sagatlaýyn üpjün edilmeginden şikaýat edýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy sentýabrda sebitden habar berdi. Sakarçägeli daýhanlar oba ýerlerinde ekerançylyk suwlarynyň üstünde adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň ýüze çykýandygyny aýdýarlar. Читать дальше...

Gyrgyz kazyýeti derňewçi žurnalist Bolot Temirowy aklady

Azathabar.com 

Tanymal derňewçi žurnalisti Bolot Temirow neşe aýyplamalaryndan aklandy, gyrgyz žurnalisti we onuň tarapdarlary bu jenaýat işiniň syýasy sebäpler esasynda açylandygyny aýtdylar. Swerdlow etrap kazyýeti 28-nji sentýabrda Temirowyň neşe serişdelerini bikanun saklamak we serhetden bikanun geçmek aýyplamalarynda günäkär däldigini aýtdy. Kazy Akylbek Adimow Temirowyň resminama galplaşdyrmakda günäkärdigini, ýöne möhlet geçmesi sebäpli bu aýyplama esasynda tussaglyga höküm edilip bilinmejekdigini aýtdy. Читать дальше...

BMG mobilizlenmä garşy çykyş edýän ruslary tussaghanalardan boşatmaga çagyrdy

Azathabar.com 

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy 28-nji sentýabrda beýanat çap edip, Russiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň "bölekleýin" mobilizlenmä garşy çykyş eden raýatlary tussag etmegini ýazgardy. Ýokary komissaryň wekili Rawina Şamdasani adamlaryň diňe parahatçylykly ýygnanyşmak we söz azatlygy hukugyny ulanandyklary üçin yzarlanmagynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy we tussag edilenleriň derrew boşadylmagyny talap etdi. Şeýle-de, beýanatda ruslaryň parahatçylykly protest bildirmegine, zorluga ýüz urmazlygyna çagyryş edilýär.

Gyrgyzystanyň bilim ministri para almakda güman edilýär

Azathabar.com 

Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy 28-nji sentýabr agşamy Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministri Almazbek Beýşenaliýewiň tussag edilendigini habar berdi. Onuň para alan pursadynda tussag edilendigi aýdylýar. Içeri işler ministrliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Beýşenaliýew daşary ýurtly studentleriň ýurt içindäki ÝOJ-lara kabul edilende berýän aýratyn uly mukdardaky paralary boýunça geçirilen derňewiň çäginde tussag edildi. Bu ýerde 110 müň dollar mukdaryndaky para barada gürrüň edilýändigi aýdylýar. Читать дальше...

Interneti çäklendirýän Türkmenistan “€29,4 millionlyk kiberhowpsuzlyk enjamlary sargady”

Azathabar.com 

Internet we söz azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan türkmen häkimiýetleri ýurduň Kiberhowpsuzlyk gullugy üçin 29,4 million ýewrolyk ýörite enjamlary sargandygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu barada turkmen.news neşiri özüne elýeterli bolan prezidentiň gol goýandygy aýdylýan dokumente salgylanyp habar berýär. Bellesek, Azatlyk öz çeşmelerine we habarçylaryna bu dokumentiň asyldygyny häzirlikçe tassykladyp bilmedi. Şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde kabul edendigi aýdylýan kararynda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Как Рыбакиной стать второй ракеткой мира: расклад от WTA






Свыше 20 подтоплений ликвидировали в Подмосковье за день

Плющенко заявил, что три месяца назад перенёс операцию на позвоночнике

Захарова: Учения НАТО у границ являются попыткой втянуть РФ в гонку вооружений

Басманный суд арестовал продюсера агентства Reuters Габова