Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Новости за 28.09.2022

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hyzmatdaşlyk maksatnamasy täzelener

Azathabar.com 

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Montana ştatynyň general maýory, general adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň baş serkerdesi we Montana ştatynyň döwlet departamentiniň harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek duşuşdy diýip, Türkmen DIM-i habar berýär. Taraplar ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi, ABŞ-nyň Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň täzelenmegini ara alyp maslahatlaşdylar... Читать дальше...

ÝHHG-niň Warşawadaky ýygnagynda türkmen resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar arasynda hadysa boldy

Azathabar.com 

26-njy sentýabrda Polşanyň Daşary işler ministrliginiň inisiatiwasy bilen Warşawada adam ölçegi boýunça ýygnak açyldy, oňa ÝHHG agza ýurtlarynyň resmi toparlary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Duşuşyga Türkmenistanyň delegasiýasy we Ýewropada ýaşaýan türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem bardy. Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Warşawada türkmen resmileri bilen adam hukuklaryny goraýjylaryň arasynda dörän ýagdaýlar barada habar berýär.

Balkanda ýaňy bir düwünçek getiren gök-bakja ekinleri bugdaý ekmek üçin sökülýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Serdar we Bereket etraplaryndaky ekerançylyk meýdanlarynda ýaňy-ýakynda düwünçek getirip başlan giç käşir we kelem ýaly gök-bakja ekinleri ýerli häkimiýetleriň buýrugy bilen sökülýär. Bu habaryň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Häkimiýetler ekerançylyk ýerleriniň sökülmegi baradaky tabşyryklaryny ýerleriň bugdaý ekişine taýýarlanylmagy we sürüm işleriniň geçirilmegi bilen esaslandyrýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş... Читать дальше...

Mekdep resmileri ene-atalar bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerini batlandyrýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda mekdep resmileri okuwçylaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerine bat berýärler. Bilim işgärleriniň geçirýän wagyz işleri, mekdep resmilerine görä, esasan okuwçy ýaşlaryň “ahlak terbiýesiniň kämilleşdirilmegine”, maşgalalarda “çaga zähmetiniň öňüniň alynmagyna”, okuwçy gyzlaryň daş keşbiniň gözegçilikde saklanylmagyna hem-de okuwçylaryň smartfon ulanmaklaryna rugsat berilmezligine gönükdirilýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Türkmenabatda köçe satyjylary bazarlaryň golaýyndan kowulýar

Azathabar.com 

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda ýerli häkimiýetler elin öndürilen azyk, gök-bakja önümlerini köçelerde satýanlara garşy reýd geçirýärler. Ýurtda dowam edýän agyr ykdysady krizisiň arasynda köp hojalyklar, resmi ýagdaýda bazarda ýer almaga mümkinçiligi bolmany üçin, öz öndüren harytlaryny uly söwda merkezleriniň golaýynda satmaga mejbur bolýarlar.

ÝHHG-niň Warşawadaky ýygnagynda türkmen resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar arasynda hadysa boldy

Azathabar.com 

26-njy sentýabrda Polşanyň Daşary işler ministrliginiň inisiatiwasy bilen Warşawada adam ölçegi boýunça ýygnak açyldy, oňa ÝHHG agza ýurtlarynyň resmi toparlary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Duşuşyga Türkmenistanyň delegasiýasy we Ýewropada ýaşaýan türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem bardy. Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Warşawada türkmen resmileri bilen adam hukuklaryny goraýjylaryň arasynda dörän ýagdaýlar barada habar berýär. "Türkmen Helsinki Fondunyň" habaryna görä... Читать дальше...

NATO, ÝB gaz geçiriji syzdyrmasynyň ‘sabotaždygyny’ aýdýar

Azathabar.com 

NATO we Ýewropa Bileleşigi 28-nji sentýabrda Baltika deňzindäki iki esasy geçirijidäki syzdyrmalaryň "sabotaž" sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy we Ýewropanyň wajyp infrastrukturasyny goramagy ‘mümkin boldugyça berk gaýtawul’ bilen güýçlendirjekdigini aýtdy, ýöne hiç kimi bu hadysanyň arkasynda bolmakda günäkärlemedi. “Demirgazyk akym 1” we “Demirgazyk akym 2” geçirijileri Daniýa bilen Şwesiýanyň aýratyn ykdysady zolaklarynda birnäçe ýerinden ýaryldy. Russiýa bilen Ýewropanyň arasyndaky energiýa gapma-garşylygy sebäpli... Читать дальше...

Mekdep resmileri ene-atalar bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerini batlandyrýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda mekdep resmileri okuwçylaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirip, wagyz-nesihat işlerine bat berýärler. Bilim işgärleriniň geçirýän wagyz işleri, mekdep resmilerine görä, esasan okuwçy ýaşlaryň “ahlak terbiýesiniň kämilleşdirilmegine”, maşgalalarda “çaga zähmetiniň öňüniň alynmagyna”, okuwçy gyzlaryň daş keşbiniň gözegçilikde saklanylmagyna hem-de okuwçylaryň smartfon ulanmaklaryna rugsat berilmezligine gönükdirilýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi. Читать дальше...



Nýu-Ýorkda türkmen syýasy tussaglarynyň goldawyna ýeke adamlyk piket gurnaldy

Azathabar.com 

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde türkmen syýasy tussaglarynyň goldawyna ýeke adamlyk piket geçirildi diýip, “Turkmen News” neşiri habar berýär. Protest çäresini Türkmenistanda syýasy tussag hasaplaylýan bendileriň biri Mansur Mingelowyň daýzasy Nurjan Suzer gurady. Ol bir elinde Türkmenistanyň baýdagyny, beýleki elinde tussaglykdaky ýegeniniň portrerini tutup durdy we, diňe Mingelowyň däl, Nurgeldi Halykowyň, Hursanaý Ismatullaýewanyň, Pygambergeldi Allaberdiýewiň we beýleki tussaglaryň haýal etmän azatlyga goýberilmegine çagyrdy. Читать дальше...

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aňtaw gulluklarynyň ýolbaşçylary Moskwada duşuşar

Azathabar.com 

GDA ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň we aňtaw gulluklarynyň ýolbaşçylary şu hepdäniň aýagynda Russiýanyň paýtagty Moskwada duşuşarlar. Russiýanyň “Nowosti” habar gullugy Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowa salgylanyp, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň wideo aragatnaşygy arkaly postsowet ýurtlarynyň baş howpsuzlyk işgärleri bilen gürleşmek isleýändigini habar berdi. Peskow Putiniň GDA ýurtlarynyň aňtaw gullugynyň işgärleri bilen duşuşygynyň bäşinji gün bolmajakdygyny nygtady. Читать дальше...

Türkmenabatda köçe satyjylary bazarlaryň golaýyndan kowulýar

Azathabar.com 

Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda ýerli häkimiýetler elin öndürilen azyk, gök-bakja önümlerini köçelerde satýanlara garşy reýd geçirýärler. Ýurtda dowam edýän agyr ykdysady krizisiň arasynda köp hojalyklar, resmi ýagdaýda bazarda ýer almaga mümkinçiligi bolmany üçin, öz öndüren harytlaryny uly söwda merkezleriniň golaýynda satmaga mejbur bolýarlar. “Soňky günler polisiýa Türkmenabadyň ‘Kenar bazarynyň’ golaýynda öýünde ýetişdiren gök-bakja önümlerini, elin süýt-gatyk, sary ýag ýaly harytlaryny... Читать дальше...

Eýranda protestiň 12-nji gijesi, professorlar proteste goşulýarlar

Azathabar.com 

Ölenleriň sanynyň köpelmegine we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gazaply basyşlara garamazdan, eýranlylar 27-nji sentýabrda Mahsa Amininiň ölümi sebäpli 12-nji gije proteste çykdylar. Tähran, Töwriz, Karaj, Kom, Ýazd we Eýranyň beýleki şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýran protestler, ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilen 22 ýaşly Amini ýogalaly bäri bir hepdeden gowrak wagt dowam etdirilýär. Köçede howpsuzlyk işgärleri bilen bolýan çaknyşyklary görkezýän görnüşler sosial ulgamlarda ýerleşdirildi... Читать дальше...

Eýranly futbolçy Ali Karimi protestlere meçew bermekde aýyplanýar

Azathabar.com 

Eýranyň habar beriş serişdeleri we syýasatçylary futbolçy Ali Karimi sosial media ýazgylarynda protestlere meçew bermekde aýyplaýarlar. Eýranyň milli futbol ýygyndysynyň öňki kapitany, häzir Dubaýda ýaşaýan Karimi sosial media ýazgylary üçin tankyt edilýär. Ol ahlak polisiýasy tarapyndan hijaby nädogry geýmekde aýyplanyp tussag edilen we, şaýatlaryň sözlerine görä, polisiýa awtoulagynda erbet ýenjilen 22 ýaşly aktiwist Mahsa Amininiň öldürilmegini ýazgardy. Amini tussag edileninden soň, huşuna gelmän, keselhanada aradan çykdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде






Baijiahao: Россия нашла способ лишить Лондон золота

Прогноз пожарной опасности на 3 дня опубликовали в Подмосковье

Акция «День добрых дел» прошла во всех школах Подмосковья

Правительство РФ подтвердило прогнозы добычи газа в России на 2024-2026 гг.