Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Новости за 13.09.2022

Türkmenistanyň ilaty Garaşsyzlyk güni üçin maşk edýär

Azathabar.com 

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna taýýarlanýar. Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň öňüsyrasynda tutuş ýurt boýunça dürli okuw jaýlarynyň okuwçylaryny, kärhanalaryň we döwlet edaralarynyň işgärlerini öz içine alýan repetisiýalar geçirilýär. 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni ilkinji gezek täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçiriler.

Balkanda “ak kerwen” dabarasy başagaýlyk döretdi, esgerler pagta ýygýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda nobatdaky pagta möwsüminiň resmi taýdan yglan edilmegi bilen, sebitlerde “ak kerwen” dabaralaryna badalga berilýär. Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar etraplarynda dabara geçirmek üçin bol hasylly gowaça meýdanlaryny tapmak häkimiýetleri başagaý edýär. Bu aralykda, Bereket etrabynda býujet işgärleri, Serdar etrabynda çagyryş boýunça harby gullukçylar pagta ýygmaga mejbur edilýärler.

Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu ýyl 160 müňe golaý çaganyň mekdebe barjakdygy yglan edilen mahaly, Lebap welaýatynyň käbir orta mekdeplerinde bu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy. Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat berýän habarçysy 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sanynyň azlygy sebäpli meýilleşdirilen synplaryň üçden bir böleginiň goýbolsun edilendigini aýdýar. "Her orta mekdepde 1-nji synp okuwçylar üçin üç sany synp döretmek göz öňünde tutulýardy. Bular A, B we Ç synplary bolmalydy. Читать дальше...

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi ýurduň ýapyklygyny howpsuzlyk aladalary bilen düşündirýär

Azathabar.com 

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna beren interwýusynda bu ýurduň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen aradaky wiza düzgüniniň howpsuzlyk meselesi bilen düşündirilýändigini aýtdy diýip, “Turkmen News” rus metbugatyna salgylanyp habar berýär. Şeýle-de neşir 2010-2020-nji ýyllarda, ýagny COVID-19 pandemiýasyndan öňem Türkmenistana girýän ruslaryň sanynyň ep-esli azalandygyny belleýär. 10-njy sentýabrda çap edilen söhbetdeşlikde žurnalist rus... Читать дальше...

Gyrgyzystanyň Milli gwardiýasynyň iki harbysy gyz zorlamakda güman edilýär

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Milli gwardiýasynyň iki işgäri gyz zorlamakda güman edilýär diýip, respublikasynyň Baş prokuraturasynyň metbugat gullugy habar berdi. Esasy gözegçilik gullugynyň aýtmagyna görä, 5-nji sentýabrda bir gyz olara arza bilen ýüz tutdy. Arzada aýdylmagyna görä, 4-5-nji sentýabr gijesi sagat 04:30 töweregi iki sany erkek adam ilki ol gyzyň garşysyna fiziki güýç ulanyp, soňra ony awtoulagyň yzky oturgyjynda zorlapdyr. Harby prokuratura Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 154-nji maddasyna laýyklykda jenaýat işini açdy. Читать дальше...

Ermenistan Azerbaýjan bilen bolan täze çaknyşykda 49 esgerini ýitirendigini aýdýar

Azathabar.com 

13-nji sentýabr güni irden Azerbaýjan bilen arada bolan soňky serhet çaknyşyklarynda Ermenistan azyndan 49 esgerini ýitirdi diýip, premýer-ministr Nikol Paşinýan iki kawkaz ýurdunyň arasyndaky duşmançylygyň derhal bes edilmegi baradaky halkara çagyryşlarynyň arasynda aýtdy. Paşinýan Ermenistanyň mejlisinde eden çykyşynda Bakuwyň bir gije Ermenistanyň pozisiýalaryna hüjüm edendigini we söweşleriň dowam edýändigini aýtdy. Bölüniji Dagly-Garabag sebiti üstünde Ýerewan bilen Bakuwyň arasynda barýan söweşler 2020-nji ýylda tamamlanaly bäri... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Кто отец Дианы Джокович?






Кадыров готовится к бегству из Чечни - СМИ

В Москве открылась выставка фотографий «Магия природы»

Подмосковный нарколог объяснил опасность шашлыка с алкоголем

Сервис проверки графика отключения горячей воды запустили на сайте мэра Москвы