Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Gazagystan serhet geçelgelerindäki çäklendirmelerini ýatyrýar

0
Gazagystan 11-nji aprelde Russiýa, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen aradaky serhet geçelgelerinde girizen koronawirus çäklendirmeleriniň ählisini aýyrmagy meýilleşdirýär.


Bu karar koronawirus boýunça iş toparynyň 6-njy aprelde, "ýurtdaky epidemiologiki ýagdaý durnuklaşdy" diýen netijä gelmegi esasynda kabul edildi.


Şeýle-de, Gazagystanyň howa menzillerinde ýurda uçarly gelýän şahslar üçin girizilen çäklendirmeler ýatyrylar. Emma muňa garamazdan, syýahatçylar negatiw synag netijesini ýa-da koronawirusa garşy sanjym edilendigini subut etmeli bolarlar.


Gyrgyz raýatlary Gazagystana 2020-nji ýylyň ýazyndan bäri diňe howa arkaly syýahat edýär we Bişkek soňky döwürde Gazagystanyň serhet gözegçilik nokatlaryny açmagyna çagyrýar.


Russiýa bolsa, koronawirus sebäpli ýapylanyndan iki ýyl soň, 30-njy martda Gazagystanyň serhedindäki barlag nokatlarynda koronawirus çäklendirmelerini ýatyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса