Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

“Nowaýa Gazetanyň” baş redaktory Dmitriý Muratowyň üstüne asetonly reňk sepildi

0
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Russiýanyň "Nowaýa Gazetasynyň" baş redaktory Dmitri Muratowa bir adam aseton garyndyly ýagly reňk sepdi. Bu waka Moskwa-Samara otlusynyň wagonynda boldy. Dmitriý Muratow bu bolan wakany dördünji gün, “Nowaýa Gazeta.Ýewropa” neşirinde habar berdi.


Bu wakanyň bolan ýeri anyk görkezilmedi. “Žiguli” markaly otly agşam sagat 8:10-da Moskwanyň Kazan demirýol menzilinden ugrady  we waka şu otluda bolana meňzeýär.


“Nowaýa Gazeta”.Ýewropa” neşirinde anyklaşdyrylmagyna görä, otlynyň ugramaly wagty gijikdirilipdir.


Muratowyň sözlerine görä, hüjümçi "Muratow, ine, bu size biziň oglanlarymyz sebäpli!" diýip gygyrypdyr.


Neşiriň bäşinji gün beren habaryna görä, hüjümiň jogapkärçiligini  “Z desantçylarynyň soýuzy” atly telegram-kanalyny döredenler öz üstüne alypdyr.


Agşamlyk bu telegram-kanalynda demirýol menzilinde "Nowaýa Gazetanyň" baş redaktorynyň üstüne reňk sepilişini görkezýän täze şekiller paýda boldy.  



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса