Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Pakistanyň parlamenti oppozisiýa deputaty Şahbaz Şerifi täze premýer-ministr saýlaýar

0
Iş başyndaky premýer-ministr Imran Han ynamsyzlyk ses berişliginde utulandan bir gün soň, Pakistanyň parlamenti oppozisiýa kanun çykaryjysy Şahbaz Şarifi ýurduň täze premýer-ministri wezipesine saýlady.


70 ýaşly Şarif Pakistan Musulman Ligasy-Nawazyň (PML-N) prezidenti we öň üç gezek premýer-ministr bolan hem-de korrupsiýada günäkär tapylan Nawaz Şarifiň inisi bolup durýar.


Işden çetleşdirilen premýer-ministriň partiýasynyň kanun çykaryjylary ses berişligiň öňüsyrasynda bilelikde, köpçülikleýin parlamentden çekildi.


Pakistan Tehreek-e-Insaf (PTI) partiýasy bolsa, öňki daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň kandidatlygyny yzyna çekip, özüniň premýer-ministrlige hödürlän dalaşgärini saklady.


Üç ýyldan gowrak wagt häkimiýet başynda bolan Han 10-njy aprelde, ir sagatlara çenli dowam eden ses berişlikde, syýasy krizisden soň birleşen oppozisiýanyň garşy durmagynda wezipesinden çetleşdirildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса