Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Türkmenistanda Konstitusiýa we adam hukuklary barada maslahat geçirildi

0
Türkmenistanda Konstitusiýa we adam hukuklary barada maslahat geçirildi

12-nji aprelde Aşgabatda “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” diýen temada okuw maslahaty geçirildi.

TDH bu çäräniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guralandygyny habar berýär.

Okuw maslahaty türkmen metbugatynda nobatdaky 'teletobanyň" görkezilmeginiň yz ýanyna, ABŞ-nyň Döwlet departmanetiniň ýyllyk adam hukuklary hasabatyny çap eden gününe gabat geldi. Hökümet tankytçylary ýylda birnäçe gezek elleri gandally ýa gandalsyz, aglap ýa şumjaryp toba edýän adamlaryň görkezilmeginiň ilaty gorkuzmak üçin ulanylýandygyny we türkmen, halkara kanunçylygyna ters gelýändigini aýdýarlar.

Çykyşlarda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň, Adalatçynyň diwanynyň üstünlikli işleýändigi kanagatlanma bilen bellenildi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, maslahatda BMG we onuň düzümleýin edaralary bilen ýola goýlan “netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti” bellenildi.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary topary tarapyndan esasy adam hukuklaryny we azatlyklaryny yzygiderli çäklendirmekde ýyllar boýy tankyt edilýär; mejbury zähmeti giňden ulanmakda, ýapyk kazyýet seljermeleri esasynda uzak ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilen adamlary daşarky dünýäden doly üzňelikde saklamakda, adam gynamalary faktlaryny açyk derňemezlikde, aktiwistleri we olaryň maşgala agzalaryny ýanamakda, gorkuzmakda, beýleki hukuk bozulmalarynda aýyplanýar.

Emma Aşgabat bu aýyplamalary umumylykda ret edýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Энди Роддик

Энди Роддик: «У меня было несколько типов рака кожи с тех пор, как я завершил карьеру»






Посольство Болгарии выступило с заявлением о выдаче шенгена россиянам

В Москве снежный покров сформировался 9 мая впервые в истории наблюдений

Польша создает комиссию по расследованию влияния России и Белоруссии

Пять помещений для организации работы получили советы ветеранов с начала года