Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

"Gözellik" gadagançylygy. Türkmenistanda owadanlyk salonlary ýapylýar

0

Türkmenistanda gözellik salonlary köpçülikleýin ýapylýar. Kosmetiki hyzmatlaryň we proseduralaryň hemmesi diýen ýaly gadagan edildi. Diňe dellekhanalar açyk galýar, olaryň işi diňe saç gyrkmak bilen çäklenýär. Hatda saç reňklemek hem gadagan edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu gadaganlyk gözellik salonlaryna, dellekhanalara we massaž edýän kärhanalara degişli. Olaryň edýän hyzmatlarynyň ähli görnüşleri diýen ýaly gadagan edildi.

"Ählisi! Manikýur, pedikýur, kosmetologiýa, massaž, depilýasiýa, gaş bejermek. Hiç kim işläp bilmeýär" -diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmelerinden biri aýtdy.

Çeşmeleriň we habarçylaryň sözlerine görä, indi diňe saç kesmek üçin dellekhanalara işlemäge rugsat berilýär. Saç reňklemek gadagandyr.

"Saç kesmek üçin dellekçiler öz kärhanasyny dellekhana ýaly hasaba aldyrmaly. Dellekhanalar saç reňklemeli däl, saç bejermeli däl" - diýip, çeşme aýdýar.

Käbir kosmetiki hyzmatlaryň gadagan edilendigi şu hepdäniň başynda belli boldy. Azatlygyň habarçylary, hususan-da, Marydaky ýagdaý barada habar berdiler. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri, gözellik salonlaryna aýlandylar we botoksyň hem dodak çişirmegiň gadagan edilendigini dilden aýtdylar. Kärhanalaryň eýelerine gadaganlygyň bozulan halatynda agyr jerime we 15 gün tussag edilmek jezasy barada duýduryş berildi.

Indi bolsa, Türkmenistanyň paýtagtynda gözellik salonlary köpçülikleýin ýapylýar. Habarçylar hatda iň uly toý mekanlaryndaky salonlaryň hem ýapylandygyny habar berdiler. "Ol ýerde diňe ýalaňaç diwarlar galdy" -diýip, Azatlygyň habarçysy 14-nji aprelde Aşgabatda görenlerini suratlandyrdy.

Mundan başga-da, ýurtda ilatyň geýimine-de üns ýene artypdyr.

Habarçylaryň sözlerine görä, işini ýitiren ussalaryň köpüsi howsala düşýär we jemgyýetde bolup geçýän zatlara nägilelik artýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly çeşmelerden biri: "Jemgyýetde Serdara gahar we nägilelik artýar" - diýdi. Onuň sözlerine görä, köpler kosmetiki hyzmatlaryň gadagan edilmegini ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň konserwatiw garaýyşlary bilen baglanyşdyrýarlar.

"Häzirki wagtda munuň sebäbi Serdaryň 'maşgala babatynda yzagalak" garaýyşlary we emansipasiýanyň islendik görnüşlerine tankydy garaýyşlary bilen baglanyşdyrylýar" - diýip ýene bir çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosyna bolup geçýän ýagdaýlar barada Türkmenistanyň resmilerinden resmi taýdan düşündiriş almak başartmady.

"Gözellige" girizilen bu nobatdaky gadaganlyk Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň çalşylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, wezipesine girişeninden gysga wagt soň Içeri işler ministrliginiň başlygyny täzeledi. Bu kadr çalyşygyndan soň dessine ilata polisiýa gözegçiligi güýçlendi, ýollarda köpçülikleýin reýdler geçirilip, ýol hereketini bozanlar telewizorda görkezildi, şeýle hem resmi nikasy bolmadyk jübütlere jerime salmak işine bat berildi, botoks we dodak çişirmek gadagan edildi.

Geçmişde Türkmenistanyň ilaty saç reňklemek, manikýur we ýüzüne timar bermek gadagançylygy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde ýüzbe-ýüz boldy. Şonda döwlet edaralarynyň işgärlerinden saç reňklemekden, ýüzüne timar bermekden we manikýur etmekden saklanmak talap edilip başlandy. Şeýle hem aýal-gyzlaryň eşikleriniň uzyn, ýere degip, giň bolmagy bedeni ýaşyrmagy talap edildi. Polisiýa aýallary köçelerde saklady, sorag etdi we jerime salyndy.

Türkmenistanda döwlet işgärleri, studentler we orta mekdep okuwçylary üçin belli bir geýim düzgünini berjaý etmek talaby onlarça ýyl bäri saklanýar. Hususan-da, okuwçylarda milli tahýa hökmany hasaplanýar, gyz studentler gyzyl köýnek geýmeli, mekdep okuwçy gyzlaryň köýnekleri ýaşyl reňkde bolmaly.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal ilatyň has giň gatlaklarynyň daş görnüşine ünsüni artdyrdy. Geçmişde ýurtda gysga balak şorty we suwa düşülýän bikini gadagan edilipdi. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda şortyly erkeklere Aşgabadyň banklaryna girmäge rugsat berilmedi. 2018-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanda bikini we şorty gadagan edildi.

Türkmen häkimiýetleri, adatça dilden buýruk esasynda girizilýän şeýle gadagançylyklarynyň sebäbini ilata resmi taýdan düşündirmeýärler. Dünýewi döwletiň ýolbaşçylary "türkmenleriň taryhyna we medeni däplerine hormat goýmak we milli köklerini ýatdan çykarmazlyk" zerurlygy barada yzly-yzyna aýdyp gelýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Калинская

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме






«Средняя по городу»: Лев Лещенко рассказал о своей пенсии

Рейды по участкам с нецелевым использованием прошли в Подмосковье

В Самарской области сотрудники транспортной полиции задержали пассажира поезда с особо крупной партией наркотиков

РТУ МИРЭА в Москве закрыли на карантин из-за кори