Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

BMG türkmen resmileri bilen migrantlar problemasy boýunça seminar geçirdi

0
BMG türkmen resmileri bilen migrantlar problemasy boýunça seminar geçirdi

Şu ýylyň 13-15-nji aprelinde Merkezi Aziýada Serhet Dolandyryş Maksatnamasy (BOMCA), Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarynyň edarasy bilen bilelikde legal bolmadyk migrantlary anyklamak, saklamak we yzyna gaýtarmak boýunça halkara standartlary barada onlaýn seminar geçirdi. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň web sahypasynda habar berilýär.

Maglumata görä, bu çärä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleri gatnaşypdyr.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda migrantlary kesgitlemegiň we saklamagyň usullary, olaryň ýaşamagyna, saklanan migrantlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we şol sanda okatmak şertnamalarynyň ulanylmagyna degişli tejribeler bilen tanyşypdyr.

Bilermenler toparynyň Latwiýanyň Döwlet serhet gullugynyň, Litwanyň Döwlet serhet gullugynyň we BMG-niň bosgunlar gullugynyň wekillerinden düzülendigi aýdylýar.

Duşuşygyň migrasiýa bilen bagly ençeme problema barada ygtybarlylygy artdyrmak we çözgüt mehanizmleri öwrenmek üçin geçirlendigi aýdylýar.

"Bu seminar, migrasiýany netijeli dolandyrmak üçin halkara kanunçylygy we hukuk gurallary, düzgünsiz migrantlary ýüze çykarmak we olaryň öz ýurduna netijeli gaýdyp gelmegi üçin institusional çemeleşmeleri ösdürmek, şeýle hem gaýdyp gelmek üçin bar bolan hukuk binýadyny we hukuk goraýjy mehanizmlerini gowulandyrmak maksady bilen habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirildi" diýlip maglumatda aýdylýar.

Bu, BOMCA Maksatnamasy tarapyndan Merkezi Aziýa regionynda şu ýyl Gyrgyzystanda we Özbegistanda geçirilen şuňa meňzeş çärelerden soň üçünjisidir diýlip maglumatda aýdylýar.  

Türkmenistan migrasiýanyň möçberini görkezýän resmi sanlary çap etmeýär. Türkmen resmileri migrasiýa problemasyny resmi derejede boýun almaýar we türkmen migrantlarynyň çekýän kynçylyklaryny agzamaýar.

Türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda duçar bolýan esasy kynçylyklarynyň arasynda dokumentlerini täzelemek we öz watanyna baryp gaýtmak ýaly agyr problemalar onlarça ýyllap saklanýar. 

Türkmenistandaky uzaga çeken ykdysady problemalar, agyr işsizlik, azyk ýetmezçiligi we bahalaryň galmagy ýüzlerçe müň adamyň gazanç üçin ýurduň daşyna gitmegine sebäp boldy. 

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri diňe bir soňky 2009-2019 ýyllaryň aralygynda Türkmenistandan iki milliona golaý adamyň gidendigini habar berdiler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Стало известно, с кем сыграет Вероника Кудерметова во втором круге турнира WTA-1000 в Риме






Президент Лаоса отметил роль России в развитии многополярного справедливого мира

"Американская мечта" сегодня. Теория заговора оказалась правдой

Псковичи стали серебряными призерами турнира по волейболу «Кубок Феникса»

«Россети Московский регион» встретили День Победы на «Рубеже обороны Москвы»