Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Tanymal syýasatçy Kamoliddin Rabbimow Daşkentde tussag edildi

0
Tanymal syýasat alymy we garaşsyz bilermen Kamoliddin Rabbimow 15 günlük tussag edilip, Daşkentdäki deslapky tussaghanada saklanýar diýip, žurnalist Ilýos Safarow öz “Facebook” sahypasynda habar berdi.


Onuň sözlerine görä, syýasaty öwrenijiniň maşgalasy onuň bilen 17-nji aprelden bäri habarlaşyp bilmändir. Garyndaşlary Kamoliddin Rabbimowyň öýünden şol gün 15: 00-da çykyp, soňra ýitirim bolandygyny aýtdylar.


“Men Kamoliddinaka bilen habarlaşmagy başardym. Biziň telefon söhbetdeşligimiz gysga bolup, 5-6 sekunt dowam etdi. Kamoliddin aka: "Men Panelnide. 15 gije-gündiz” diýdi.


Bu Kamoliddin Rabbimowyň häzir “Panelnyý SIZO” diýlip atlandyrylýan ýerde saklanýandygyny aňladýar diýip, žurnalist ýazdy.


Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Şohruh Giýasowyň habar bermegine görä, Kamoliddin Rabbimow 17-nji aprelde Daşkendiň Şaýhantahur etrabynyň Çakar etrabynda geçirilen arassaçylyk we öňüni alyş çäreleri wagtynda “işgärleriň işine esassyz gatyşyp, olaryň işine päsgel berdi we kanuny talaplaryny ýerine ýetirmedi."


Kamoliddin Rabbimow 2007-nji ýyldan bäri Fransiýada ýaşaýardy we şol ýerde syýasy gaçybatalga alypdy. Emma ol birnäçe aý ozal Özbegistana gaýdyp geldi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса