Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

ABŞ, Pekiniň inkär etmegine garamazdan, Hytaýyň azlyklara edýän zulumy baradaky hasabaty gutlaýar

0
ABŞ, Pekiniň inkär etmegine garamazdan,  Hytaýyň azlyklara edýän zulumy baradaky  hasabaty gutlaýar

ABŞ BMG-niň Hytaýyň günbatar Sinjiaň sebitinde adamzada garşy jenaýat edýän bolmagynyň ähtimallygy barada çap eden hasabatyny gutlady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 1-nji sentýabrda eden çykyşynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary wezipesindäki möhletini tamamlaýan Mişel Baçeletiň hasabatynda Hytaýyň uýgurlar we beýleki azlyklar babatyndaky "elhenç çemeleşmesiniň" ýokary derejede beýan edilendigini aýtdy.

Ol bu hasabat biziň "Hytaýyň hökümet häkimiýetleriniň aglaba köplügi musulman bolan uýgurlara we Sinjiaňdaky beýleki etnik, dini azlyk toparlaryň agzalaryna garşy dowam edýän genosidi we adamzada garşy jenaýatlar bilen baglanyşykly aladalarymyzy çuňlaşdyrýar we tassyklaýar" diýdi.

Baçelet hasabatda Pekini "adam hukuklarynyň çynlakaý bozulmagy" we "adamzada garşy jenaýat" sebäpli berk tankyt etdi.

Hytaý Sinjiaňda edilýän sütemler baradaky maglumatlary berk inkär etdi we azlyklaryň saklanylýan lagerlerini yslam ekstremizminiň öňüni almak üçin döredilen hünär bilim merkezleri hökmünde häsiýetlendirdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbin bu hasabaty "düýbünden bikanun we esassyz" diýip atlandyrdy we 1-nji sentýabrda geçirilen brifingde munuň "Günbataryň Hytaýy gözegçilik astynda saklamak üçin ulanýan strategiýasynyň bir bölegi bolup hyzmat edýän syýasy guraldygyny" aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме, победив Самсонову в российском дерби






"Этажи": средняя стоимость аренды квартир в России за год выросла на треть

Канчельскис считает, что «Краснодар» может проиграть «Спартаку» из-за давления

В кабину самолета над Самарой светили лазерным лучом

Три автомобиля столкнулись в центре Белгорода, пострадали восемь человек