Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Aşgabat 'Wozroždeniýe' rus kompaniýasy bilen muzdsuz şertnama baglaşar

0
Aşgabat 'Wozroždeniýe' rus kompaniýasy bilen muzdsuz şertnama baglaşar

Aşgabat şäheriniň häkimligine “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi diýip, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy ýazdy.

Resmi maglumata görä, paýtagtda Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamagyň we ony 2024-nji ýylyň maý aýynda doly tamamlamagyň göz öňünde tutulýandygy habar berilýär.

TDH-nyň habarynda prezidentiň gol çeken kararynyň maksady "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şäher gurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek" diýlip häsiýetlendirilýär.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” kompaniýasy bilen ylalaşygy muzdsuz esasda baglaşmaga ygtyýar berildi. Muzdsuz diýlip, nämäniň göz öňünde tutulýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Rus kompaniýasynyň websaýtyndaky maglumata görä, onuň işleýän ýerleriniň sanawynda Orsýetiň birnäçe regiony bar, daşary ýurtlardan diňe Türkmenistan, has anygy Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleri görkezilýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Тарпищев: нельзя Медведева назвать главным претендентом на золото Олимпиады






В 7 корпусах подмосковного ЖК «Прибрежный Парк» начали монтаж инженерных систем

Парк культуры и отдыха в Жуковском благоустроят в 2024 году

Свыше 600 детей из Химок бесплатно отдохнут в летних лагерях

В отношении ударившего девочку в Люберцах мужчины возбудили второе уголовное дело