Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Russiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň daşynda uly partlama boldy

0
5-nji sentýabrda Russiýanyň Owganystanyň paýtagty Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda uly partlamanyň bolandygy habar berildi.


Ýerli metbugat tiz kömek ulaglarynyň wakanyň bolan ýerine barýan wideolaryny görkezdi.


Etrap polisiýasyny ofiseri “Roýters” habar gullugyna öz janyna kast eden hüjümçiniň öz nazarlan nyşanasyn ýetmezinden öň garawullar tarapyndan tüpeňlenip, şol ýerde özüni partladandygyny aýtdy.


"Pidalar barada entek maglumat ýok" diýip, ofiser Mawlawi Sabir habar gullugyna janyndan geçen hüjümçiniň öldürilendigini aýtdy.


Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Nowosti” habar gullugy bu wakanyň Russiýa gitmek üçin wiza almaga garaşýan owganlaryň uzyn hatarynyň golaýynda bolandygyny habar berdi.


Şeýle-de agentlik, ýerli habarlara salgylanyp, takmynan 15 ýa-da 20 adamyň ölendigini ýa-da ýaralanandygyny habar berdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса