Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Türkmenistanda işe ýerleşdirjekdigini aýdyp, ilatyň puluny alýan adamlar 'köpelýär'

0
Türkmenistanda işe ýerleşdirjekdigini aýdyp, ilatyň puluny alýan adamlar 'köpelýär'

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gazançsyz kösenýän raýatlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýan adamlar köpelýär. Bu adamlar raýatlara işe ýerleşdirmegi wada berip, olaryň müňlerçe manadyny alýarlar we soňra-da ne wadasynda tapylýarlar, ne-de alan puluny yzyna berýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berdiler.

"Adamlar pul gazanmak üçin biri-birilerini ýa-da gaýradan başga birini aldaýarlar. Bu adamlar 'häzir iş orunlary kemeldilýär. Men işe salyp bilýärin' diýip, işe girmek isleýän raýatlardan 500 dollar soraýarlar. Gowrak iş ýerleri üçin 1000 dollar soraýarlar. Raýatlar para bermän işe ýerleşip bolmaýandygyny bilýändikleri üçin bu adamlara ynanýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly türkmenistanly anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanda soňky bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar global pandemiýanyň fonunda has-da ýitileşdi. Munuň bilen bagly, azyk ýeter-ýetmezçiligi we harytlaryň dowamly gymmatlamagy, kärhanalaryň ýapylmagy, iş orunlarynyň hemişelik ýa-da wagtlaýyn kemeldilmegi ilatyň güzeran eklenjini has-da agyrlaşdyrdy.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, işsizlikden ejir çekýän raýatlar işe ýerleşmek üçin köplenç awtoulaglaryny ýa-da mal-garalaryny satýarlar. Käte-de olar prosentine pul karz alýarlar.

"Raýatlar bu hilegärlere pul berip, umytda bolýarlar. Emma aradan ik-üç aý geçse-de, bu adamlar wadalarynda tapylmaýarlar. Raýatlar olaryň üstüne baryp, 'hany iş? hany beren pulumyz?' diýip soranlarynda, ne işiň, ne-de puluň bardygyny bilip galýarlar. Bu adamlar 'haçan pulum bolanda, puluňy yzyna bererin' diýýärler. Ýöne olar bu puly hiç haçan yzyna bermeýärler" diýip, başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, puluny aldyran raýatlaryň arasynda ýüreginden tutup, keselhana düşýänler hem köp bolýar. Käbir adamlar bolsa, prosentine alan karz puluny yzyna bermek üçin öýündäki halysyny, telewizoryny, holodilnigini ýa-da beýleki öý goşlaryny satmaly bolýarlar.

Habarçylarymyz ilat arasynda "hilegärler" diýlip atlandyrylýan bu adamlar tarapyndan aldawa salynýan raýatlaryň arasynda soňky aýlarda daşary döwletlerden, hususan-da, Türkiýeden öýlerine dolanyp gelen adamlaryň hem köpdügini aýdýar.

"Ýurda gelen badyna bu hilegärlere sataşan we daşary ýurtlarda ýygnap gelen pullaryny aldyran adamlar näme üçin watanyma dolanypdyryn diýip, ýene ýurtdan gitmegiň ýoluny gözleýärler" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren raýatlaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçylarymyz ilaty aldap, puluny alýan adamlaryň mundan ozal hem bolandygyny, ýöne soňky aýlarda olaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini hem aýdýar. Muňa garamazdan, ol kanun goraýjy edaralaryň bu adamlara garşy çäre görmeýändigini hem belleýär.

"Kanun goraýjy edaralara şikaýat etseň, olar 'biz algy-bergä goşulmaýarys' diýýärler. Käbir edaralar diňe arza kabul edýär, ýöne soňy bolmaýar. Ol aldan adamyny ursaň ýa-da oňa sögseň, onda kanun goraýjylar dessine seni günäkärleýärler" diýip, ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, kanun goraýjylaryň bu adamlara garşy çäre görmezligi, olaryň sanynyň köpelmegine sebäp bolýar.

"Adamlaryň arz edere ýeri galmaýar. Ýurtda hiç bir adalat ýok, adalat gözläniňem peýdasy ýok" diýip, ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 5-nji sentýabrda yzygiderli eden synanyşyklary netijesiz boldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda işsizligiň derejesi baradaky statistiki sanlary ilat köpçüligine äşgär etmeýärler. Ýöne Azatlyga gelip gowşan, resmi bolmadyk maglumatlara görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi birnäçe ýyl mundan öň 50%-den geçdi.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, ýurtda işsizlere döwlet tarapyndan kömek puly tas berilmeýän mahaly, soňky birnäçe ýylda köçelerde dilegçilik edýän, zir-zibil dörýän, ogurlyk ýa talaňçylyk edýän we "hilegärlige" baş goşýan adamlar köpeldi.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlara reaksiýa bildirmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме






Парк культуры и отдыха в Жуковском благоустроят в 2024 году

Под посадку деревьев подготовлено более 10 гектаров почвы в Наро-Фоминском округе

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Прокуратура организовала проверку по факту пролета воздушного судна над трассой М-8 в Подмосковье