Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Gyrgyzystanyň metjitlerinde zorluga garşy wagyz-nesihat geçirilýär

0
Gyrgyzystanyň metjitlerinde zorluga garşy wagyz-nesihat geçirilýär

Gyrgyzystanyň metjitleriniň ählisinde 7-nji sentýabrdan 12-nji sentýabra çenli aralykda ahlaklylyk we zorluga ýol berilmezligi barada wagyz-nesihat geçirilýär. Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, bu başlangyjy müfti Zamir Zakiýew teklip etdi.

“Biz Kadamjaý sebitinde öldürilen gyzyň ene-atasyna we garyndaşlaryna çuňňur gynanç bildirýäris. Bu wagyz adam ömrüne edilen hüjümiň, ýaş aýallara garşy zorlugyň, zyna günäsine galmagyň öňüni almak maksady bilen geçirilýär"diýip, Gyrgyzystanyň musulmanlarynyň ruhy müdirliginiň metbugat gullugy aýtdy.

4-nji sentýabrda Oş-Razzakow ýolunyň ugrundaky Noogardan obasynda, sil üçin edilen ötügiň içinde 14 ýaşly gyzjagazyň jesedi tapyldy. Ony öldürmekde güman edilip, Kadamjaý sebitiniň 1997, 1998 we 1995-nji ýyllarda doglan üç ýaşaýjysy tussag edildi.

Batken sebitiniň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, wakanyň bolan ýerine gelen polisiýa işgärleri gyzyň elleriniň daňylandygyny, boýnunda arkan bilen bogulmagyň alamatlarynyň bardygyny anykladylar.

Güman edilýänler derňew gutarýança Oş şäherindäki deslapky tussaghanada saklanmaly edildi. Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, günäli tapylan ýagdaýlarynda, olara ömürlik türme tussaglygy howpy abanýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович вышла в третий раунд турнира WTA-1000 в Риме






Москва и Ереван пока не сжигают мосты

Историческая реконструкция боев прошла в Дмитровском округе

Домодедовские спортсменки завоевали золото и серебро Чемпионата Европы по боксу

Уроженец Кировской области с позывным Струна стоял на параде рядом с Путиным