Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Balkanda döwletden kömek pullaryny almak üçin goşmaça talaplar girizildi

0
Balkanda döwletden kömek pullaryny almak üçin goşmaça talaplar girizildi

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizis ilatyň ýaşaýyş derejesini göz-görtele peseldip, şol sanda maýyplaryň medisina hyzmatlaryndan peýdalanmak, dermanlary satyn almak mümkinçiliklerini kemeldýän döwri, türkmen häkimiýetleri maýyplara berilmeli kömegi almagyň düzgünlerini berkleşdirýärler.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen ýagdaýlardan habarly ýaşaýjylar maýyplaryň kömek pullaryny almak üçin zerur bolan resminamalary tabşyryp bilmeýändiklerini, şeýle-de kanunda göz öňünde tutulan hemaýaty almagyň şertleriniň has kynlaşdyrylandygyny aýdýarlar.

“Maýyplyk kömek puluny alýanlar indi her üç aýdan saglyk komissiýasyndan geçmeli edildi. Balkanda maýyplyk kömek puluny resmileşdirýän toparlar olaryň ilki Aşgabadyň degişli hassahanalaryndan barlagdan geçendigi, şeýle-de ol ýerde azyndan dört sapar bejergi alandygy barada hassanyň kitapçasyny soraýarlar. Mundan başga-da, Balkanyň öz saglyk merkezlerinde her üç aýdan 8 sapar bejergi alandygy barada dokument soralýar” diýip, hossarlarynyň biriniň bu ýagdaýlary başdan geçirendigini aýdýan ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi. Söhbetdeşimiziň howpsuzlygy nukdaýnazaryndan onuň we ýakynlarynyň şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary äşgär etmeýäris.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullary – lukmançylyk-jemgyýetçilik barlag iş toparynyň kesgitleýän maýyplyk toparyna baglylykda mümkinçilikleri çäkli adamlara tölenýän aýlyk tölegdir.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullaryny 18 ýaşa ýetmedik çagalaryň, çagalykdan maýyp bolan şahslaryň, şeýle-de hökmany pensiýa gaznasyna degişliligi bäş ýyldan az bolmadyk maýyp şahslara degişlidir.

Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, döwlet kömek pullaryny almaklyk üçin:

ykrar edilen nusgada arzany,

pasportyň (ýa-da ýerini tutýan resminamanyň) göçürmesini,

maýyp diýip ykrar edilen (18 ýaşa ýetmedik maýyp çagalardan başga) lukmançylyk-jemgyýetçilik barlagyň derňeme delilnamasyndan göçürmesini,

maşgala agzalary (18 ýaşa ýetmedik maýyp çagalardan başga) baradaky kepilnamany,

doguluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesini taýýarlamalydyr.

Emma Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi websaýtynda soňky talap edilýän düzgünler barada hiç hili maglumat ýok, bu barada ministrligiň özünden hem kommentariýa ýa düşündiriş almak başartmady.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjy, ozalky ýyllardaky tejribelere salgylanyp, bu hili täze düzgünleriň köplenç diňe dil üsti bilen mälim edilýändigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol bu ýagdaýlaryň alym-berime, korrupsiýa ýol açýandygyny hem belledi.

“Eger 25-30 müň manat aralygynda para berseň, lukmanlar tiz wagtda kömek puluny resmileşdirip berýärler. Kömek pullaryny almaga degişli bolmadyk raýatlara hem, resmi däl tölegiň öwezine, degişli dokumenti taýýarlap berýärler” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Türkmen kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirýär. Ýurduň durmuş üpjünçiligine degişli döwlet ulgamy maýyplygy bolan adamlara sosial ýeňillikleri we dürli hyzmatlary bermäge borçlanýar.

Ýöne soňky birnäçe ýylyň içinde Azatlygyň habarçylary, ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli, maýyplygy bolan adamlaryň hasaba alynmazlygy, şeýle hem olardan maýyplyk derejesiniň berilmegi üçin para talap edilmegi ýaly ýagdaýlaryň köpelendigine ünsi çekýärler.

Bu hem öz gezeginde saglyk problemaly adamlary dilegçilik etmäge mejbur edýär. Elini uzadyp oturan maýyplary ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtyň köçelerinde hem synlasa bolýar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň iri şäherlerinde maýyplaryň köçelerde gatnamagy, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmagy we ýaşaýyş jaýlara girip-çykmagy üçin infrastruktura tas düýpden göz öňünde tutulmaýar.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberi döwlet kömek pullaryny hasaplama üçin kesgitlenen başlangyç ululygyndan göterimde bellenilýär. Oňa laýyklykda:

18 ýaşa ýetmedik maýyp çagalara – 160 göterim;

Çagalykdan maýyplara, I, II we III topar/dereje – 200 göterim berilýär.

2022-nji ýyla döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 390 manat möçberde kesgitlenildi.

Balkanly söhbetdeşimiz ortaça maýyplyk pensiýasynyň 500 manat töweregindedigini, şeýle-de ýurtdaky dowam edýän gymmatçylygyň arasynda bu pullaryň gün-güzerany aýlamaga, şol sanda zerur dermandyr-därileri almaga ýeterlik däldigini belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг






Уроженец Кировской области с позывным Струна стоял на параде рядом с Путиным

Михаил Мишустин пообещал усилить адресность мер поддержки граждан

Москва и Ереван пока не сжигают мосты

Историческая реконструкция боев прошла в Дмитровском округе