Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Sadyr Žaparow "doganynyň altyn bilen düşen suratyndan betbagtçylyk ýasamazlygy" soraýar

0
Sadyr Žaparow 

Prezident Sadyr Žaparow “Kabar” döwlet habar gullugy bilen geçirilen söhbetdeşlikde “Kumtor” käni baradaky soraglara jogap berdi.

Döwlet baştutany iki mesele boýunça düşündiriş berdi, olaryň birinjisi doganynyň eline altyn plitalaryny alyp düşen suraty barada bolsa, ikinjisi “Kumtoryň” 19 tonna altynynyň söwdasy barada boldy.

Žaparowyň sözlerine görä, onuň doganynyň eline altyn alyp düşen suraty Türkiýede düşürilipdir.

“Geçen ýyl Londonyň gymmatbaha metal bazarlarynyň bileleşigi (LBMA) Gyrgyzystanyň altynlarynyň dünýä bazarynda satylmagyny çäklendirdi. Şol döwürde türkler meniň we beýleki emeldarlaryň kabulhanalaryna girip bilmediler, bizde henizem býurokratiýa bar. Olar altynlarymyzy satyn almagy teklip etdiler, öz ussahanalaryny görmäge çagyrdylar we bu surat şol pursatda düşürildi. Ondan betbagtçylyk ýasamak gerek däl. Ahyr netijede bir gram altyn hem satylmady” diýip, Žaparow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, prezidentiň garyndaşlary ýurda kömek etmegiň pikirini edýärler.

Şeýle-de ol öz doganynyň Türkiýä döwlet tarapyndan iberilmändigini, altynyň näçeden satyn alynýandygyny bilmek üçin gidendigini belledi.

“Kumtorda” toplanan 19 tonna altyn barada gürrüň edip, Sadyr Žaparow olaryň ýokary bahdan satyljakdygyny,  hatda “19 gram altyny” hem ogurlamagyň mümkin däldigini we bu ýagdaýlaryň hasap talap edýän deputatlar we syýasatçylar tarapyndan barlanmagyna garşy däldigini aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Александрова не смогла обыграть Саснович и покинула турнир WTA-1000 в Риме






Пианист-виртуоз Култышев исполнит редкие сочинения Баха и Брукнера на концерте в «Зарядье»

Президент РФ: мы должны больше сближаться с нашими партнерами по СНГ

Исследование: более половины москвичей обращаются к врачу лишь при наличии серьезных проблем

В Коломне утвердили предмет охраны Дома Урываевых