Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Prezident suw hojalygynyň ýolbaşçylaryny täzeledi

0
Prezident suw hojalygynyň ýolbaşçylaryny täzeledi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy sentýabrda Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyny täzelemek kararyna gelendigini aýtdy.

TDH-nyň habaryna görä, komitetiň öňki başlygy Gýüzgeldi Baýjanow, başga işe geçýändigi sebäpli, wezipesinden boşadyldy we onuň ýerine Durdy Genjiýew başlyk edilip bellenildi. Baýjanow bu wezipä 2020-nji ýylyň fewralynda bellenipdi.

Mundan başga, Baýjanowyň iki orunbasary - Joşmyrat Sedekow we Döwletmyrat Mämmedow hem, “özlerine ynanylan wezipe-borçlaryny ýerine ýetirip bilmändikleri üçin” diýlip, eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.

Döwlet baştutany täze bellenen ýolbaşça goşmaça suw gorlaryny döretmek, howdanlaryň göwrümini giňeltmek we suw sorujylaryň talabalaýyk işledilmegini gazanmak tabşyryklaryny berdi.

Şeýle-de ol ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şor suw akabalaryny wagtynda we talabalaýyk arassalamak, suwaryş akabalarynda suw ölçeýji enjamlary ornaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynda suw tygşytlaýjy gurallary gurnamak boýunça teklip taýýarlamagy sorady.

Mundan başga, Berdimuhamedow suw pudagynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Azatlygyň habarçylarynyň we radio bilen söhbetdeş bolan ýerli hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda suw desgalary, ýaplar we suwy tygşytly ulanmak zerurlygy 30 ýyldan gowrak gözden salyndy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Казахстан узнал еще одну печальную новость после сюрприза Рыбакиной






Рейс Москва – Гуанчжоу вынужденно сел в Иркутске из-за неисправности

Синоптик Вильфанд: в следующие выходные температура приблизится к норме

Самолет Москва — Гуанчжоу сел в Иркутске из-за технической неисправности

Бывшая жена замминистра Иванова решила продать принадлежавший ему внедорожник