Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Ermenistan Azerbaýjan bilen bolan täze çaknyşykda 49 esgerini ýitirendigini aýdýar

0
Ermenistan Azerbaýjan bilen bolan täze çaknyşykda 49 esgerini ýitirendigini aýdýar

13-nji sentýabr güni irden Azerbaýjan bilen arada bolan soňky serhet çaknyşyklarynda Ermenistan azyndan 49 esgerini ýitirdi diýip, premýer-ministr Nikol Paşinýan iki kawkaz ýurdunyň arasyndaky duşmançylygyň derhal bes edilmegi baradaky halkara çagyryşlarynyň arasynda aýtdy.

Paşinýan Ermenistanyň mejlisinde eden çykyşynda Bakuwyň bir gije Ermenistanyň pozisiýalaryna hüjüm edendigini we söweşleriň dowam edýändigini aýtdy.

Bölüniji Dagly-Garabag sebiti üstünde Ýerewan bilen Bakuwyň arasynda barýan söweşler 2020-nji ýylda tamamlanaly bäri, iki ýurduň umumy serhet ýakasynda ýygy-ýygydan çaknyşyk bolup durýardy.

"[13-nji sentýabrda], ikinji gün ir sagat 05: 05-de Azerbaýjan Goris, Sotk we Jermuk şäherleriniň ugrundaky ermeni harby pozisiýalaryny artilleriýa we uly kalibrli ýaraglar bilen güýçli oka tutdy” diýip, Ermenistanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi bolsa, öz gezeginde, Ermenistany serhetdäki Daşkesan, Kelbajar we Laçyn etraplarynyň golaýynda "uly göwrümli ýykgynçylyk hereketlerinde" günäkärledi, goşun pozisiýalarynyň oka tutulandygyny, "şol sanda garym minomýotlaryndan" ok atylandygyny aýtdy we azeri harbylarynyň raýat ýerlerini oka tutandygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Ministrlik san görkezmän, “(Azerbaýjanyň) harby gullukçylarynyň arasynda ýitgiler bar” diýdi. Ermenistan çaknyşyklaryň bir gije dowam edendigini aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 12-nji sentýabr güni giçlik çaknyşyklaryň bes etmegine çagyrdy. Döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonyň bu ýagdaýdan, şol sanda Ermenistanda "ilatly nokatlara we raýat infrastrukturasyna garşy urlan zarbalardan" "aladalanýandygyny" aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Уимблдон

Финалистка юниорского Уимблдона-2023 получила временное отстранение за допинг






Синоптик спрогнозировал потепление до +20 градусов в Москве с 16 мая

Губернатор сообщил подробности по ЧП в Белгороде

Инфляция в России: затишье перед бурей?

Гладков: из-под завалов спасли двух мужчин