Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzindäki araçäk taslamasynyň maslahatyny etdi

0
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzindäki araçäk taslamasynyň maslahatyny etdi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň wekilleri 12-13-nji sentýabryda Baku şäherinde duşuşyp, Hazar deňziniň düýbündäki araçägi kesgitlemek meseleleri boýunça maslahat etdiler diýip, “Trend” neşiri Azerbaýjanyň DIM-ine salgylanyp habar berýär.

Bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygynda türkmen tarapyna Hazar institutynyň müdiri, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili Myrat Atajanow, azeri wekiliýetine bolsa daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjanyň prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili Halaf Halafow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşyk wagtynda goňşy ýurtlaryň arasynda Hazar deňziniň düýbündäki araçägi kesgitlemek barada Aşgabat bilen Bakuwyň  arasynda baglaşylmaly Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Hazar deňziniň düýbündäki araçägi kesgitlemek meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Стало известно, с кем сыграет Вероника Кудерметова во втором круге турнира WTA-1000 в Риме






Как российские турбины потеснили Siemens

Собянин: Количество креативных кластеров в Москве увеличилось почти в два раза

Часть электричек из Твери изменит свое расписание, некоторые будут отменены

Бойца ММА Исламова отправили в СИЗО до 24 июня