Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Türkmenistanda žurnalistika barada täze kitap çykdy

0
Türkmenistanda žurnalistika barada täze kitap çykdy

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Türkmenistanda “Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti” atly täze kitabyň çap edilendigini buşlaýar.

“Türkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň ýazan kitabynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň dürli ugurlary barada “täsirli gürrüň berilýär”.

Kitap «Žanr we usulyýet gatnaşyklarynyň özara baglanyşygy», «Habar çeşmeleri we olar bilen işlemegiň usullary», «Maglumat almagyň usullary. Synlamak», «Seljerme usuly», «Okyjylaryň hormatyny gazanmagyň ýollary», «Žurnalistik eseriň dörediliş usuly» ýaly bölümlere bölünipdir.

Habarda bellenmegine görä, «Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti» Agamyrat Mämmedowyň bu ugurdaky ikinji kitaby bolup, mundan onuň «Žurnalistiň döredijilik işiniň esaslary» atly kitaby çapdan çykypdyr.

Täze kitap ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryna, bu ugurdan ders berýän mugallymlara niýetlenipdir we onuň ýurduň habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän žurnalistler üçin hem peýdaly gollanma boljakdygy aýdylýar.

Türkmenistan halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda metbugat azatlygy boýunça iň yzdaky orunlarda durýar we ýurtda hakyky garaşsyzlyk şertlerinde işleýän ýeke neşiriň hem ýokdugy aýdylýar.

Mundan başga, türkmen häkimiýetleri döwlet eýeçiligindäki metbugatdan daşlaşyp, daşary ýurt neşirlerinden maglumat almaga synanýan raýatlar üçin hem dürli emeli kynçylyklary döredýärler.

Şeýle-de, Aşgabatdaky hökümet garaşsyz neşirler bilen aragatnaşyk saklaýan adamlary yzygiderli gorkuzmakda, yzarlamakda we gümürtik aýyplamalar bilen tussag etmekde tankyt edilýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Теннисист Джокович раздавал автографы в шлеме после попадания бутылкой в голову






«Показания дать придётся»: Brief: Шойгу могут допросить по коррупционным делам Иванова и Кузнецова

Стартовал очный курс повышения квалификации для руководителей образовательных организаций по проекту «Наука в регионы 3.0»

Ксения Шойгу назвала Москву лидером по числу участников полумарафона «Забег.РФ»

Фермерская ярмарка открылась в центре Москвы